Kanton ýarmarkasynda gatnaşyjylar üçin 50-den gowrak täze hyzmat giriziler

140-njy Kanton ýarmarkasynda gatnaşyjylara edilýän hyzmatlary gowulandyrmak üçin 50-den gowrak täze çäre durmuşa geçiriler. Ýarmarka 15-nji oktýabrdan 4-nji noýabra çenli Guangdong welaýatynyň merkezi Guançžou şäherinde geçiriler.
Resmi ady Hytaýyň import we eksport ýarmarkasy bolan Kanton ýarmarkasy Hytaýyň iň iri we iň köp ýyl bäri geçirilýän halkara söwda sergisidir. Bu gezekki çäre üç tapgyrda geçirilip, oňa 32 müňden gowrak kompaniýa gatnaşar.
Hasaba alyş işlerini tizleşdirmek üçin sergi merkezinde, howa menzillerinde, demir ýol wokzallarynda we bellenen myhmanhanalarda 70 resminama nokady hem-de 628 hyzmat penjiresi döredildi. Käbir amallary bary-ýogy 30 sekuntda ýerine ýetirmek mümkin bolar.
Ýarmarkada ilkinji gezek 22 sany akylly hyzmat ssenariýasy we emeli aň esasynda işleýän 16 ýörite programma ulanylar. Şeýle hem Hytaýda ilkinji gezek gatnaşyjylara bir metr takyklyk bilen sergi stendine çenli ýol görkezmek we 75 müňden gowrak stend baradaky maglumatlary AR tehnologiýasy arkaly görkezmek hyzmaty hödürlener.
Sergä gatnaşyjylar we alyjylar QR-kod arkaly elektron wizit kartlaryny alyşyp bilerler. AI-agentler duşuşyklaryň protokollaryny taýýarlamaga, müşderiler baradaky maglumatlary saklamaga we has geljegi uly sargytlary saýlamaga kömek eder.
Daşary ýurtly alyjylar üçin hem ilkinji gezek ballara esaslanýan we dört derejeli agzalyk ulgamy giriziler. Guramaçylar täze hyzmatlaryň öňki ýarmarkalarda gatnaşyjylar tarapyndan iň köp aýdylan meseleleriň esasynda taýýarlanandygyny bellediler.
Ýarmarkanyň dowamynda Guançžou şäheriniň metrosy ýörite tertip boýunça işlär, takmynan 9 müň turniketde halkara bank kartlary kabul ediler. Şeýle hem 2 müňden gowrak taksi we onlaýn ulag hyzmatlarynyň awtoulagy işe çekiler.
Mundan başga-da, sergi merkezini ýakyn myhmanhanalar we metro stansiýalary bilen birleşdirýän ilkinji pilotsyz awtobus ugry işe giriziler. Guançžou gümrük gullugy hem sergi önümleriniň getirilmegini we salgyt gaýtaryş amallaryny ýeňilleşdirmek üçin 12 täze çäre girizdi.
CCTV+ habar bermegine görä, täze sanly, ulag we gümrük hyzmatlary daşary ýurtly alyjylaryň gatnaşygyny ýeňilleşdirmäge we Kanton ýarmarkasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.









