Hytaýyň wise-premýeri Tim Kuk bilen Pekinde duşuşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri He Lifen duşenbe güni Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde Apple kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Tim Kuk bilen duşuşdy.
Duşuşykda He Lifen Hytaý bilen ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň hem-de hormat, adalatlylyk we özara bähbitlilik esasynda konstruktiw gatnaşyklary ösdürmegiň iki ýurduň hem-de dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyna we ösüşine ýardam edýändigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şeýle şertler halkara kompaniýalar üçin hem has durnukly garaýyşlary we amatly işewürlik gurşawyny döredýär.
He Lifen Hytaýyň Apple ýaly dürli ýurtlaryň tehnologiýa kompaniýalarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyny we ýurduň döwrebaplaşdyryş mümkinçiliklerinden bilelikde peýdalanmagyny goldaýandygyny belledi.
Tim Kuk bolsa Apple kompaniýasynyň Hytaýdaky uzak möhletli ösüşine doly ynam bildirýändigini aýtdy.
CCTV+ habar bermegine görä, Tim Kuk işewürlik jemgyýetindäki dialogy ösdürmäge we Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň durnukly ösüşine goşant goşmaga taýýardygyny hem aýtdy.









