Hytaýda gurlan ikinji uly kruiz gämisi Gonkongy esasy port hökmünde ulanar

Oktýabr 11, 2026 | 14:30 |105
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda gurlan ikinji uly kruiz gämisi Adora Flora City 2027-nji ýylda Gonkongy esasy port hökmünde ulanar. Bu barada anna güni Adora Cruises kompaniýasy habar berdi.

Täze ugur meýilnamasyna görä, gämi şu ýylyň noýabr aýynda ilkinji gezek Gonkonga barar. 2027-nji ýylda bolsa takmynan 20 sapary amala aşyrmagy meýilleşdirilýär.

Meýilnama portlara girmezden geçiriljek üç aýratyn deňiz syýahatyny hem öz içine alýar. Şeýle saparlarda gämi diňe deňizde hereket eder we ýolagçylara wiza gerek bolmaz.

Adora Cruises kompaniýasynyň wekili Go Szýa Gonkongdan we Guangdong — Gonkong — Makao Uly aýlag sebitinden bolan ýolagçylara gysga, orta we uzak aralyga niýetlenen dürli kruiz ugurlaryny hödürlemegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Adora Flora City gämisiniň uzynlygy 341 metre, umumy tonna göwrümi bolsa 141,9 müň tonna deňdir. Gäminiň bortunda 2 130 kaýuta we lýuks bar, ol doly kuwwatda 5 232 ýolagçyny kabul edip biler.

Hytaýda gurlan ilkinji uly kruiz gämisi Adora Magic City bilen deňeşdirilende, täze gäminiň içki giňişliginiň gurluşy, ýolagçy hyzmatlary we akylly tehnologiýalary has-da kämilleşdirildi.

CCTV+ habar bermegine görä, gämini 6-njy noýabrda operatora tabşyrmak meýilleşdirilýär. Şondan soň ol Guançžoudaky Nanşa halkara kruiz portundan halkara ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrar.

Beýleki habarlar