Hytaý bilen ÝB söwda we maýa goýumlary boýunça 16 maddadan ybarat ylalaşyga geldiler

Hytaý bilen Ýewropa Bileleşigi Pekinde geçirilen Söwda we maýa goýumlary boýunça geňeşmeler mehanizminiň ikinji mejlisiniň netijeleri boýunça 16 maddadan ybarat sanaw barada ylalaşdylar.
Hytaýyň söwda ministri Wan Wentao bilen Ýewropa Komissiýasynyň söwda we ykdysady howpsuzlyk boýunça komissary Maroş Şefçowiç söwda deňagramlylygyna, maýa goýumlaryna, eksport gözegçiligine, intellektual eýeçiligiň goragyna we Bütindünýä Söwda Guramasynyň özgertmelerine bagyşlanan iki günlük gepleşikleri geçirdiler.
Taraplar düşünişmezlikleri Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) düzgünleriniň çäklerinde çözmek we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary durnuklaşdyrmak hem-de has deňagramly ýagdaýa getirmek boýunça işleri dowam etdirmek niýetlerini tassykladylar.
Hytaý bilen ÝB aýry-aýry harytlara gümrük paçlaryny peseltmek mümkinçiligini öwrenmegi dowam etdirerler. Şeýle hem bahalar boýunça borçnamalar we ÝB-niň Hytaýyň elektrik awtoulaglaryna berilýän goldawlar bilen bagly geçiren derňewine degişli çäreleri gaýtadan gözden geçirmegiň amallary boýunça gepleşikler dowam etdiriler.
Eksport gözegçiligi ulgamynda Hytaý «ýaşyl geçelge» mehanizminiň üsti bilen seýrek ýer elementleriniň we hemişelik magnitleriň ÝB-ne eksport edilmegi üçin ygtyýarnamalaryň berilmegine ýardam bermegini dowam etdirer. Ýewropa tarapy bolsa, öz gezeginde, iki maksatly harytlar üçin ygtyýarnamalary bermek bilen bagly käbir amallary ýönekeýleşdirmek boýunça ÝB-ne agza döwletler bilen işleri alyp barar.
Taraplar intellektual eýeçilik bilen bagly ulgamlaýyn meseleler boýunça işleri dowam etdirmek we BSG-niň özgertmeleri babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada hem ylalaşdylar.
"CCTV+"-niň habar bermegine görä, bu mehanizmiň üçünji mejlisini 2027-nji ýylyň mart aýynda geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem taraplar ýanwar aýynda ministrler derejesinde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly maslahaty guramagy göz öňünde tutýarlar.









