Hytaý bedenleşdirilen emeli aňyň hakyky ykdysadyýetde ornaşdyrylmagyny çaltlandyrýar

Hytaý robotlary türgenleşdirmek üçin infrastrukturasyny giňeldýär, pudaklaýyn standartlary işläp taýýarlaýar we hakyky şertlerde geçirilýän synaglaryň sanyny artdyrýar. Bu çäreler bedenleşdirilen emeli aňy barlaghanalarda işlenip taýýarlanylýan çözgütlerden täjirçilik maksatly ulanyşa geçirmegi çaltlandyrmaga gönükdirilendir.
Bedenleşdirilen emeli aň — bu robotlary hem öz içine alýan fiziki ulgamlara ornaşdyrylan emeli aň bolup, ol daş-töwerekdäki gurşawy duýmaga we onuň bilen özara täsirleşmäge ukyplydyr.
Häzirki wagtda Hytaýda bedenleşdirilen emeli aňy türgenleşdirmek boýunça 70-den gowrak merkez hereket edýär, ýene 40-dan gowrak merkez bolsa gurulýar ýa-da meýilleşdiriş tapgyryndadyr. Esasy merkezler Ýanszy derýasynyň deltasynda, Pekin — Týanszin — Hebeý sebitinde we Merjen derýasynyň deltasynda kemala gelýär.
Pekinde ýerleşýän Lightwheel AI kompaniýasy adamlaryň hereketlerini görkezýän wideo maglumatlary simulýasiýalar arkaly döredilen sintetiki maglumatlar bilen birleşdirýär. Kompaniýa modelleri türgenleşdirmek üçin eýýäm 1,5 million sagatdan gowrak wideo maglumatlaryny hödürledi.
Şençžen şäherinde bu maglumatlar elektrik dolandyryş şkaflary we senagat klapanlary bilen işläp bilýän tigirli gumanoid robotlary taýýarlamak üçin ulanylýar. On müňlerçe üstünlikli ýerine ýetirilen hereketiň mysaly esasynda türgenleşdirilenden soň, robotlaryň käbir hereketleri ýerine ýetirmekdäki üstünlik derejesi 80–90 göterime ýetýär.
2025-nji ýylda Hytaýyň emeli aň pudagynyň esasy böleginiň möçberi 1,2 trillion ýuandan geçdi, bu ugurda işleýän kompaniýalaryň sany bolsa 6,2 müňden geçdi.
CCTV+ agentliginiň maglumatlaryna görä, bedenleşdirilen emeli aňy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasy onuň senagatda, hyzmatlar ulgamynda, zähmet howpsuzlygyny üpjün etmekde we adatdan daşary ýagdaýlara dessine jogap bermekde ulanylyşyny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ony ulanmagyň geljegi uly bolan 100-den gowrak ugruny ýüze çykarmak meýilleşdirilýär.









