Hytaýyň programma üpjünçiligi pudagynyň girdejileri 1,5 trillion dollardan geçdi

Hytaýyň programma üpjünçiligi we maglumat tehnologiýalary pudagy 2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda durnukly ösüşi görkezdi. Munuň esasy sebäpleri eksportyň artmagy, bulut tehnologiýalarynyň we uly göwrümli maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegidir.
Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we informatizasiýa ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýanwar-awgust aýlarynda pudagyň girdejileri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,8 göterim artyp, 10,282 trillion ýuana ýa-da takmynan 1,53 trillion ABŞ dollaryna ýetdi.
Programma üpjünçiliginiň eksporty 12,5 göterim ýokarlanyp, 45,99 milliard dollara deň boldy. Pudagyň umumy peýdasy bolsa 1,3 göterim artyp, 1,184 trillion ýuana ýa-da takmynan 177 milliard dollara ýetdi.
Pudagyň iň iri bölegi maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatlar bolmagynda galýar. Bu ugurdaky girdejiler 9,6 göterim artyp, pudagyň umumy girdejileriniň 68,7 göterimini düzdi.
Bu ugurda bulut hasaplamalary we uly göwrümli maglumatlar bilen bagly hyzmatlardan alnan girdejiler 11,1 göterim ýokarlandy. Olaryň paýyna maglumat tehnologiýalary hyzmatlaryndan alnan girdejileriň 17,3 göterimi düşdi.
CCTV+ agentliginiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda programma önümlerinden alnan girdejiler 6 göterim artyp, pudagyň umumy girdejileriniň 21,5 göterimini düzdi.









