Hytaýyň robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

Hytaý kompaniýalary Amsterdam şäherinde geçirilen World AI Summit sammitinde emeli aň we robototehnika ulgamlaryndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny hödürlediler. Sergä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni Unitree Robotics kompaniýasynyň gumanoid we dört aýakly robotlary çekdi. Bu robotlar sergi meýdançasynda öz mümkinçiliklerini görkezdi.
Sammit çarşenbe we penşenbe günleri geçirildi. Onda emeli aňyň howpsuzlygy, täze algoritmleriň we emeli aň agentleriniň ösdürilmegi, şeýle hem bu tehnologiýalaryň işewürlikde amaly taýdan ornaşdyrylmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pudagyň wekilleri täze modelleri we algoritmleri işläp taýýarlamakda Hytaý kompaniýalarynyň barha artýan ornuny bellediler. Nvidia kompaniýasynyň wekili Saýmon Si DeepSeek, Moonshot we Alibaba kompaniýalarynyň gazanan üstünliklerini agzap, Hytaýyň işläp taýýarlamalarynyň dünýä emeli aň bazaryna edýän täsirini nygtady.
Hytaýyň emeli aň pudagynyň ösýändigi bilen baglylykda, World AI Summit guramaçylary geljek ýyl Hytaýda bu çäräniň aýratyn görnüşini geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin Shanghai International Exhibition Group kompaniýasyny çagyrdylar.
Hytaý tarapynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, geljekde halkara çärelere Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalarynyň we wekiliýetleriniň gatnaşygyny hem giňeltmek meýilleşdirilýär.
CCTV+ agentliginiň maglumatlaryna görä, Hytaý kompaniýalary robototehnika, algoritmler we emeli aň ulgamlary boýunça täze mümkinçiliklerini görkezmek arkaly dünýä emeli aň pudagyndaky orunlaryny pugtalandyrýarlar.









