BMG kosmos giňişliginde halkara hyzmatdaşlygyny we utgaşdyrylyşyny güýçlendirmäge çagyrdy

BMG-niň Kosmos giňişligi meseleleri boýunça müdirliginiň direktory Arti Holla-Maýni ýurtlary kosmosy özleşdirmekde has işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, hemralaryň çaknyşmagynyň we täze kosmos galyndylarynyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin utgaşdyryş mehanizmlerini ösdürmäge çagyrdy.
Antalýa şäherinde geçirilen 77-nji Halkara astronawtika kongresiniň çäklerinde çykyş eden Arti Holla-Maýni halkara kosmos taslamalarynda Hytaýyň ornuny aýratyn belläp, bu ýurdy BMG-niň Kosmos giňişligi meseleleri boýunça müdirliginiň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri diýip atlandyrdy.
Onuň sözlerine görä, hyzmatdaşlyk tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmekde Hytaýyň hemra maglumatlaryny ulanmagy we hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalary ösdürmegi öz içine alýar. Hususan-da, ýakynda Nepalda bolup geçen tebigy betbagtçylyk wagtynda birnäçe günüň dowamynda Hytaýyň hemralaryndan alnan 100-den gowrak maglumat toplumy iberildi.
Holla-Maýni Hytaýyň «Çanýe-6» missiýasy arkaly Aýyň görünmeýän tarapyndan getirilen toprak nusgasyny BMG-niň müdirligine berendigini belledi. Ol bu ädimi ylmy gazanylanlary alyşmagyň we halkara hyzmatdaşlygynyň nusgasy hökmünde häsiýetlendirdi.
Pakistanly kosmonawty Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna ibermek meýilnamalary barada aýdanda, BMG-niň wekili şeýle taslamalaryň ösüp barýan ýurtlaryň kosmos barlaglaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeldýändigini we beýleki döwletler üçin hem görelde bolup biljekdigini nygtady.
Ol halkara kosmos düzgünleşdirmesini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kosmos hereketini utgaşdyrmagy görkezdi. Hemralaryň sanynyň artýan şertlerinde çaknyşma töwekgelçiligini azaltmak üçin ýurtlaryň maglumat alyş-çalşyny we özara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegi zerurdyr.
CCTV+ agentliginiň maglumatlaryna görä, BMG halkara utgaşdyrylyşyny, maglumat alyş-çalşyny we kosmos tehnologiýalaryna elýeterliligiň giňeldilmegi kosmosy howpsuz hem-de durnukly özleşdirmegiň möhüm şertleri hökmünde kabul edýär.









