Ylmy işleriň esasy ugurlarynda Hytaý öňdeligi saklaýar

Dekabr 04, 2025 | 18:55 |53
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hepdäniň şenbe güni Hytaýyň Ylymlar Akademiýasy 2025-nji ýylda alnyp barylýan esasy ylmy işler baradaky hasabatlaryny çap etdi we bu ugurda Hytaýyň öňdäki orny eýeleýändigini habar berdi. Bu hasabatda 11 sany esasy ugur boýunça 110 sany öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri we 18 sany täze ugurlar görkezilýär.

Ylmy-barlag ugurlary boýunça wajyplyk indeksine görä, Hytaý oba hojalyk, botanika we zoologiýa, daşky gurşawy gormak, himiýa, fizika we maglumatlar ylmy, şeýle hem ykdysadyýet we psihologiýa ylymlary ýaly alty sany öňdebaryjy ylym-barlag ugurlarynda dünýäde ilkinji orunda barýar.

Hytaýyň Ylymlar Akademiýasynyň Ylym we ösüş institutynyň prezidenti Pan Siaofeng bu derejäniň Hytaýyň berk ylmy binýadyny görkezýändigini we bu ugurlarda işjeň ylmy-barlag işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Ol 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäş ýyllyk meýilnamasy döwründe Hytaýyň ylmy-barlag paradigmalaryny özgertmeklige we ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli ylmy ugurlarda emeli intellekdiň özgerdiji roluna ünsi jemlemelidigini aýtdy.

Beýleki habarlar