Hytaý we ABŞ emeli aňy düzgünleşdirmek boýunça umumy çemeleşmeleri gözleýär

Oktýabr 07, 2026 | 19:56 |82
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý bilen ABŞ emeli aň ulgamyndaky ähli tapawutlary birbada aradan aýryp bilmezler, emma iň ýiti töwekgelçiliklerden başlap, özara düşünişmegiň ugurlaryny kem-kemden giňeldip bilerler. Bu barada "China Media Group"-yň media platformasy bolan "Yuyuantantian"-yň teswirinde aýdylýar.

Şu ýyl emeli aňy dolandyrmak meseleleri iki ýurduň wekilleriniň arasynda dürli meýdançalarda, şol sanda BMG-de, G20-de we ikinji ugur boýunça bilermenleriň dialogynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Sentýabryň ahyrynda Hytaý bilen ABŞ emeli aň bilen baglanyşykly wakalar barada maglumat alyşmak üçin aragatnaşyk kanalyny döretmek barada hem ylalaşdylar.

Iki ýurduň bilermenleri emeli aň bilen baglanyşykly wakalar barada dessin habar bermek mehanizmini döretmegiň mümkinçiligine seredýärler. Şeýle mehanizm barlaghanalara we döwlet edaralaryna howply bolup biljek ýagdaýlar barada maglumat alyşmaga mümkinçilik berer. Hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hökmünde emeli aňyň iň howply mümkinçilikleriniň terrorçylyk guramalary we beýleki zyýan ýetiriji toparlar tarapyndan ulanylmagynyň öňüni almak hem görkezilýär.

Şol bir wagtyň özünde, hytaýly we amerikan hünärmenleriniň töwekgelçiliklere baha bermek boýunça çemeleşmelerinde tapawutlar saklanyp galýar. Amerikaly ylmy-barlagçylar emeli aňyň gözegçilikden giň gerimde çykmagy mümkin bolan ýagdaýlaryna uly üns berýärler, hytaýly hünärmenler bolsa tehnologiýanyň amaly taýdan ulanylmagy netijesinde ýüze çykýan anyk töwekgelçiliklere has köp üns berýärler.

Geljekde ylalaşylmagy talap edýän meseleleriň hatarynda töwekgelçilikleriň umumy toparlara bölünmegi, modelleriň gözegçilikden çykmagynyň agyr ýagdaýlaryny kesgitlemek, şeýle hem emeli aň bilen baglanyşykly wakalar barada habar bermegiň düzgünleri we tertibi görkezilýär.

Teswiriň awtorlarynyň bellemegine görä, emeli aňy düzgünleşdirmek baradaky ara alyp maslahatlaşmalar dürli ýurtlaryň gatnaşmagynda has giň halkara formatda geçirilmelidir. Sebäbi tehnologiýalaryň ulanylmagynyň netijeleri — jemgyýetçilik howpsuzlygy meselelerinden başlap, dipfeýkleriň ýaýramagyna çenli — tutuş jemgyýete täsir edip biler.

"CCTV+"-niň habar bermegine görä, emeli aň ulgamyndaky dowam edýän bäsdeşlige garamazdan, Hytaý bilen ABŞ emeli aňyň howpsuzlygy meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçiliklere eýedir. Munuň üçin ilkinji nobatda iň çynlakaý töwekgelçilikleriň öňüni almakdan we dessin özara gatnaşyk mehanizmlerini döretmekden başlamak mümkin.


Beýleki habarlar