Dünýäniň iň beýik köprüsi Hytaýyň täze syýahatçylyk merkezine öwrüldi

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Guýçžou welaýatynda ýerleşýän Huaçzýan Uly kanýonynyň üstünden geçýän köpri açylandan bir ýyl soň sebitiň görnükli syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrüldi we Milli gün mynasybetli bir hepdelik dynç alyş günlerinde köp sanly syýahatçyny özüne çekdi.
Bu köpri Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan dünýäniň iň beýik köprüsi diýlip ykrar edildi. Onuň beýikligi 626,01 metre ýetýär.
Polatdan ýasalan asma köpri daglyk ýerde ýerleşýär we Lýuçži — Anlun awtomobil ýolunyň möhüm bölegidir. Köprüde ulag hereketi 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda başlandy.
Köpriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli onuň töwereginde täze syýahatçylyk desgalary peýda boldy. Syýahatçylara syn ediş geçelgesi, aýna syn ediş meýdançasy, deňiz derejesinden 600 metrden gowrak beýiklikde ýerleşýän beýik dag "bungee-jamping" we kafe elýeterlidir.
"Yundu" hyzmat ediş zolagynda hem täze iýmitleniş nokatlary, ýadygärlik sowgatlary satylýan pawilýonlar, dürli içgiler we täzelenen suw perdesi bilen agşamky şouwlar peýda boldy. Maksatnamanyň çäginde lazer we dron şowlary hem geçirilýär.
Syýahatçylygyň ösmegi golaýda ýerleşýän Huaçzýan obasyna hem täsir etdi. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde 20-den gowrak myhmanhana görnüşli öý guruldy, şeýle hem myhmanlara derýada gaýykly gezelençler we gözel kanýon boýunça ugurlar hödürlenýär.
"CCTV+"-niň habar bermegine görä, Huaçzýan köprüsi kem-kemden diňe bir möhüm ulag desgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem golaýdaky ilatly nokatlaryň ösüşine itergi berýän iri syýahatçylyk merkezine hem öwrülýär.









