Hytaýyň çöldäki iň iri nebit ýatagy 26 million tonnadan gowrak nebit we gaz çykardy

Hytaýyň çöldäki iň iri nebit ýatagy bolan Hade-Fuman 6 müň metrden gowrak çuňlukda ýerleşýän gatlaklardan 26 million tonnadan gowrak nebitgaz ekwiwalentini çykardy.
Bu ýatak Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki Takla-Makan çölüniň demirgazyk çetinde ýerleşýär. CNPC korporasiýasynyň maglumatlaryna görä, bu ýerden aşa çuň gatlaklardan 20,36 million tonna nebit we 8,15 milliard kub metr tebigy gaz çykaryldy.
Ýakynda hünärmenler Çžentan-1 guýusyndan 8 080 metr çuňlukdan kern nusgasyny aldylar. Dag jynslarynyň ýaşy takmynan 500 million ýyl diýlip çaklanylýar. Bu Tarim basseýniniň demirgazyk-günbatar böleginde nusganyň 8 müň metrden gowrak çuňlukdan ýer ýüzüne çykarylan ilkinji ýagdaýydyr.
Alnan maglumatlar aşa çuň gatlaklaryň nebit-gazlylygyny, ýataklaryň galyňlygyny we uglewodorodlaryň ýetişiş derejesini has takyk bahalandyrmaga mümkinçilik berer.
Ýatakda eýýäm 485 sany aşa çuň guýy burawlandy. Olaryň 133-sinden 100 müň tonnadan gowrak nebit we gaz alyndy, ýene-de 464 guýudan 10 müň tonnadan gowrak önüm alyndy.
CCTV+-yň habar bermegine görä, Hade-Fuman Hytaýyň iň iri çöl nebit ýatagyna we aşa çuňlukdan önüm çykarmagyň möhüm merkezine öwrüldi. Tarim basseýninde tassyklanan nebit we gaz gorlarynyň möçberi 5 milliard tonnadan geçýär, olaryň ýarysyndan gowragy aşa çuň geologik gatlaklarda ýerleşýär.









