Halkara Akkordeon festiwaly Taçen şäheriniň köçelerini açyk saz meýdançasyna öwürdi

Oktýabr 06, 2026 | 17:50 |69
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Taçen şäherinde ýerli we daşary ýurtly ýerine ýetirijileri bir ýere jemlän 6-njy Halkara Akkordeon sungaty we medeniýeti festiwaly geçirildi.

Gazagystanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän we taryhy taýdan Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk şahasy bilen baglanyşykly bolan şäher bu festiwaly medeni alyş-çalyş üçin meýdança hökmünde peýdalanýar. Maksatnamanyň çäginde sazandalar açyk meýdançalarda we Melody Market-iň wagtlaýyn gurnalan sahnalarynda çykyş etdiler.

Repertuarda hem solo eserler, hem-de «Katýuşa» ýaly meşhur sazlar ýaňlandy. Çykyşlar dürli milletleriň wekili bolan şäher ýaşaýjylaryny özüne çekdi, olaryň köpüsi göni meýdançalarda tanslara goşuldy.

Moldowaly sazanda Lew Solomonowiç Taçendäki tomaşaçylaryň diňe tomaşaçy bolmak bilen çäklenmändigini, eýsem çykyşlaryň işjeň bölegine öwrülendigini belledi. Esasy maksatnama tamamlanandan soň, ol beýleki ýerine ýetirijiler bilen bilelikde improwizirlenen konserti dowam etdirdi.

Festiwal saz sungatyny däp bolan sahnalaryň çäginden hem çykardy: agşam wagty balkonlar konsert meýdançalaryna öwrüldi, sungat işgärleri bilen tomaşaçylaryň arasynda bolsa hiç hili araçäk galmady diýen ýaly.

Halkara Akkordeonçylar konfederasiýasynyň Saz komitetiniň başlygy Aleksandr Seliwanow çäräniň gerimini «akkordeon üçin Olimpiýa oýunlary» bilen deňeşdirdi.

CCTV+-yň habar bermegine görä, Hytaýyň «akkordeon şäheri» diýlip atlandyrylýan Taçen şeýle festiwallardan medeni gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bilelikdäki saz çärelerine çekmek üçin peýdalanýar.

Beýleki habarlar