Hytaý bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk infrastruktura, senagat we bilim ugurlarynda netijelerini berýär

Oktýabr 05, 2026 | 19:45 |73
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


«XXI asyryň Deňiz Ýüpek ýoly» başlangyjynyň öňe sürülmeginden bäri geçen 13 ýylyň dowamynda Hytaý bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk infrastruktura taslamalaryndan başlap, senagata, bilime we medeni alyş-çalşyklara çenli giňeldi.

Esasy taslamalaryň biri Jakarta — Bandung ýokary tizlikli demir ýoludyr. Ol iki şäheriň arasyndaky ýolagçy gatnawynyň wagtyny takmynan dört sagatdan 40 minutdan biraz gowrak wagta çenli azaltdy. 2023-nji ýylyň oktýabrynda täjirçilik taýdan ulanylmaga başlanaly bäri bu demir ýol arkaly 18 milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy.

Ýoluň ugrunda senagat zolagy hem ösýär. Bu ýerde "Wuling Motors Indonesia" kompaniýasy işleýär. Kompaniýa taýýar awtoulaglary eksport etmekden tehnologiýalary, önümçilik standartlaryny we üpjünçilik zynjyrynyň böleklerini geçirmäge geçdi. Indoneziýaly işgärler awtomatlaşdyrmagy, robototehnikany we häzirki zaman önümçilik amallaryny özleşdirýärler.

Hyzmatdaşlyk maliýe ulgamynda hem giňelýär: indoneziýaly ulanyjylar Hytaýda özlerine tanyş bolan mobil goşundylar we QR-kodlar arkaly töleg geçirip bilýärler.

Bilim maksatnamalarynyň, şol sanda «Luban Workshop» ussahanalarynyň çäklerinde ýaş hünärmenler senagat enjamlary, programmalaşdyrylýan dolandyryş ulgamlary we kompýuter arkaly taslamalaşdyrmak ulgamlary bilen işlemek boýunça amaly endikleri alýarlar.

Medeni alyş-çalyşlar hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrülýär. Indoneziýada Hytaý filmleri, şol sanda migrasiýa, hatyra we hytaý diasporasynyň taryhy ýaly temalara bagyşlanan «Dear You» filmi görkezilýär.

"CCTV+"-niň habar bermegine görä, Hytaý bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ulag we senagatdan başlap, bilim, tehnologiýalar we medeniýet ýaly özara baglanyşykly ugurlary barha giňden gurşap alýar.

Beýleki habarlar