Maýyplygy bolan adamlara yşarat dili arkaly düşünişmäge emeli intellekt kömek eder

Dekabr 04, 2025 | 18:30 |43
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň Maýyplygy bolan adamlaryň 12-nji Milli Oýunlarynda hem-de 9-njy Milli Ýörite Olimpiýa oýunlarynda maýyplygy bolan adamlara yşarat dili arkaly düşünişmäge emeli intellekt kömek eder. Guançžouda ýerleşýän “Voibook” tehnologiýa kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu usul çäräniň hyzmat ediş programmasyna girizildi. Ekrandaky düwmä bir gezek kakmak bilen eşidişi pes bolan adamlara edil şol wagtyň özünde berlip durlan maglumatlary okamak, ýaryş meýdançalarynda ugur-salgy almak hem-de ekrandan yşarat dili terjimesini görmek mümkinçiligini berer.

“Voibook” kompaniýasynyň esaslandyryjysy, eşidişi pes bolan Şi Çençuan bu tehnologiýanyň oýunlara gatnaşyjylar üçin kynçylyksyz düşünişmek mümkinçiligini döretjekdigini belläp, adamlara geljekde has hem oňaýly bolar ýaly öz iş topary bilen bu tehnologiýany kämilleşdirmekligi dowam etdirjekdigini aýtdy. Şi Çençuan we onuň topary häzire çenli döwlet edaralarynda, hassahanalarda we mekdeplerde ulanmak üçin el telefonlaryna ornaşdyrylan yşarat dili terjimesini, yşarat diline terjime ediji enjamlary we ses ýazgylaryny tekste geçirýän mümkinçilikleri döredipdiler.

Şi Çençuan şeýle öňegidişlikleriň maýyplygy bolan adamlar üçin öran oňaýly mümkinçilikleri döredýändigini hem-de özüniň çagalyk döwründe eşidiş ukybyny ýitirenden soň, beýleki adamlar bilen düşünişmekligiň şeýle aňsat boljakdygyny göz öňüne hem getirmändigini aýtdy.

Beýleki habarlar