Şanhaý 6G tehnologiýalaryny ösdürmek üçin senagat binýadyny döredýär

Şanhaýyň Sunszýan etrabynda 6G tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça şäheriň esasy merkezleriniň biriniň binýady döredilýär. Meýdany 123 müň inedördül metre barabar bolan senagat parkynda 120-den gowrak kompaniýa işleýär, olaryň takmynan 40-sy 6G tehnologiýalarynyň önümçilik zynjyry bilen baglanyşykly.
Kärhanalaryň biri geýilýän «beýni-kompýuter» interfeýslerini işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda enjamlaryň kömegi bilen, mysal üçin, ekrana degmezden kofe sargyt etmek mümkin. Geljekde şeýle çözgütler «akylly öýleri» we robotlary dolandyrmak üçin ulanylyp bilner.
Beýleki kompaniýalar 6G tehnologiýasynyň iri emeli aň ulgamlarynda ulanylmagyny öwrenýärler. Howa menzillerinde akylly gözegçilik tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan kompaniýanyň hünärmeniniň pikirine görä, indiki nesil torlary bir emeli aň agentine bir wagtyň özünde müňlerçe kameradan gelýän maglumatlary hakyky wagt tertibinde işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Sunszýan etrabynyň häkimiýetleri 6G ulgamynda işleýän kärhanalary goldamak üçin 300 million ýuan, ýagny takmynan 45 million dollar möçberinde gaznany hem döretdiler. Uly ylmy-tehnologik taslamalar we «unicornlar» derejesini alan kärhanalar üçin goşmaça goldaw çäreleri hem göz öňünde tutuldy.
Park inkubatorlary, synag meýdançalaryny, test hyzmatlaryny we tehnologik kompaniýalary birleşdirýär. 2030-njy ýyla çenli Sunszýanyň 6G klasteriniň senagat önümçiliginiň ýyllyk möçberiniň 100 milliard ýuandan geçmegine garaşylýar.
CCTV+-yň habar bermegine görä, Şanhaýyň häkimiýetleri 6G ulgamyndaky işläp taýýarlamalary barlaghanalardan amaly we täjirçilik çözgütlerine geçirmäge aýratyn ähmiýet berýärler. Şeýle ekoulgamyň döredilmegi emeli aň, robototehnika we bir-birine birikdirilen enjamlaryň ulgamynda täze hyzmatlaryň ösdürilmegi üçin binýat döretmelidir.









