BYF-yň ýolbaşçysy: Hytaý dünýä telekeçiliginiň durnuklylygyny pugtalandyrmakda esasy orny eýelär

BYF-yň ýolbaşçysy: Hytaý dünýä telekeçiliginiň durnuklylygyny pugtalandyrmakda esasy orny eýelär. Üpçünçilik zynjyrlaryndaky bökdençlikler, ykdysady durnuksyzlyk we çalt tehnologik özgerişler şertlerinde durnuklylyk halkara kompaniýalary üçin esasy ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülýär. Täze töwekgelçiliklere uýgunlaşmak ukyby barha köp derejede telekeçiligiň öz global gatnaşyklaryny we uzak möhletleýin strategiýalaryny näderejede çeýe gurýandygyna bagly bolýar.
Bütindünýä Ykdysady Forumynyň Prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Alois Swinggi Hytaýyň dünýä kompaniýalarynyň üpjünçilik zynjyrlaryndaky bökdençliklere we ykdysady üýtgäp durmalara garşy durmak ukybyny pugtalandyrmakda merkezi orun eýelejekdigini aýtdy.
Ol China Global Television Network teleýaýlymyna beren interwýusynda global kynçylyklary ýeňip geçmekde Hytaýyň ähmiýetini nygtady we täze geljegi uly pudaklarda Bütindünýä Ykdysady Forumy bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşmagyna umyt bildirdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň 17-nji Täze çempionlaryň ýyllyk duşuşygynda, ýagny «Tomusky Dawos» diýlip hem atlandyrylýan forumda hödürlän «China Opportunity 2.0» konsepsiýasy barada aýtmak bilen, Swinggi onuň halkara telekeçiligi üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Onuň sözlerine görä, häzirki zaman kompaniýalarynyň ýolbaşçylary üçin çökgünlik ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlyk meýilnamasynyň bolmagy indi ýeterlik däl. Işewürlik barha durnuklylygy guramaçylyk gurluşyna we üpjünçilik zynjyrlaryna öňünden ornaşdyrmaga gönükdirilýär.
Swinggi dünýä derejesinde işleýän kompaniýalar üçin Hytaýyň hökmany suratda durnuklylyk strategiýasynyň bir bölegine öwrülmelidigini nygtady. Ol muny Hytaý ykdysadyýetiniň gerimi, ýurduň önümçilik mümkinçilikleri we halkara üpjünçilik zynjyrlarynda eýeleýän möhüm orny bilen baglanyşdyrdy.
2026-njy ýylda Bütindünýä Ykdysady Forumynyň Pekindäki ofisiniň açylanyna 20 ýyl bolýar. Swinggi BYF bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 1979-njy ýyldan bäri dowam edip gelýändigini ýatlatdy.
2007-nji ýyldan bäri «Tomusky Dawos» her ýyl Hytaýda, nobatma-nobat Týanszin we Dalýan şäherlerinde geçirilýär. Şol döwürden bäri forum telekeçilik, innowasiýalar we täze nesil kompaniýalarynyň ösüşi boýunça pikir alyşmak üçin esasy meýdançalaryň birine öwrüldi.
Bu çäre dürli ýurtlaryň işewürlik ýolbaşçylaryny, syýasatçylary, innowatorlaryny we wekillerini ykdysady kynçylyklary hem-de täze tehnologiýalaryň ösüşiň täze modelleriniň kemala gelmegine nähili ýardam edip biljekdigini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemleýär.
Swinggi WEF bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da ýaşyl tehnologiýalar, arassa energiýa we emeli aň ulgamynda mundan beýläk-de çuňlaşmagyna umyt bildirdi.
Onuň sözlerine görä, geljekde «Tomusky Dawos» has giň gerimli halkara meýdançasyna öwrülip biler. Onda gatnaşyjylar diňe bir Hytaýda bolup geçýän özgerişlikler bilen tanyşmak üçin däl, eýsem global meseleleriň çözgütlerini bilelikde gözlemek üçin hem ýygnanarlar.
CCTV+ habar berşi ýaly, Alois Swingginiň beýanatlary Hytaýyň dünýä üpjünçilik zynjyrlary we täze tehnologiýalaryň ösüşi üçin dowam edýän ähmiýetini görkezýär. Durnuklylyga, ýaşyl energiýa we emeli aň ulgamyna barha artýan üns bu ugurlaryň Hytaýyň halkara biznesi we dünýä guramalary bilen geljekki hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň käbirine öwrülip biljekdigini görkezýär.









