Hytaýda dünýäniň iň iri ýokary tizlikli demir ýol ulgamyny giňeldýän dört täze ýokary tizlikli demir ýol açyldy

Sentýabr 29, 2026 | 19:55 |71
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Täze demir ýol ugurlary ýurduň iri şäherlerini, daglyk sebitlerini we ykdysady merkezlerini birleşdirip, şol bir wagtyň özünde gatnaw wagtyny gysgaldýar we sebitleriň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Duşenbe güni birbada dört ugur boýunça, şol sanda Şensi, Hebeý, Hubeý we Heýlunszýan welaýatlarynda täze gatnawlar açyldy.

Şensi welaýatyndaky Sian — Ankan ýokary tizlikli demir ýoly iki şäheriň arasyndaky gatnaw wagtyny takmynan üç sagatdan 45 minuta çenli gysgaltdy. Uzynlygy takmynan 171 kilometr bolan esasy liniýa sagatda 350 kilometre çenli tizlik üçin niýetlenendir. Ol Sianyň Gündogar demir ýol menzilinde başlanýar, Sinlin daglarynyň üstünden geçýär we bäş stansiýany öz içine alyp, Ankanyň Günbatar demir ýol menzilinde tamamlanýar.

Şol gün Pekin — Gonkong ýokary tizlikli demir ýol geçelgesiniň Sýunýan — Şansýu bölegi hem açyldy. Ol Hebeý welaýatyndaky täze Sýunýan etrabyny Hennan welaýatynyň Şansýu şäheri bilen birleşdirýär we tutuş geçelgäniň takmynan dörtden bir bölegini düzýär.

«Sýunýan — Şansýu ýokary tizlikli demir ýolunyň açylmagy bilen Pekiniň günorta tarap ugraýan üçünji ýokary tizlikli demir ýol geçelgesi peýda boldy. Ol Pekin — Guançžou we Pekin — Şanhaý ugurlarynyň arasyndaky demir ýol ulgamyndaky boşlugy doldurýar. Täze Sýunýan etraby üçin günorta tarap ugraýan ýokary tizlikli demir ýol geçelgesi doly açyldy. Bu bolsa merkezi we gündogar Hytaýa göni çykalga döredip, onuň milli ýokary tizlikli demir ýollarynyň ulgamyna has netijeli goşulyşmagyny üpjün edýär», — diýip, Hytaý Demir ýollary toparynyň Pekin bölüminiň meýilnamalaşdyryş we statistika bölüminiň uly ykdysatçysy Hou Libo aýtdy.

Täze ugurlaryň ýene biri Hubeý welaýatyndaky Içan — Sinşan ýokary tizlikli demir ýoludyr. Uzynlygy 101 kilometr bolan bu liniýa Daba daglarynyň üstünden geçýär we Şanhaý — Çunsin — Çendu hem-de Çžençžou — Çunsin esasy demir ýollarynyň iki uly ugruny birleşdirýär. Onuň açylmagynyň syýahatçylygyň, senagatyň we oba ýerleriniň täzeden ösdürilmegine ýardam bermegine garaşylýar.

Dördünji ugur Harbin — Içun ýokary tizlikli demir ýoludyr. Ol Hytaýdaky bu görnüşli demir ýollaryň iň demirgazykda ýerleşýän liniýasydyr. Ol Heýlunszýan welaýatynyň bölekleýin köpýyllyk doňaklyk bolan ýerlerinden geçip, Içun şäherini welaýatyň administratiw merkezi Harbin bilen birleşdirýär. Uzynlygy 318 kilometr bolan liniýa sagatda 250 kilometre çenli tizlik üçin niýetlenendir we dokuz stansiýany öz içine alýar. Içunyň Günbatar demir ýol menzili ýurduň iň demirgazygynda ýerleşýän ýokary tizlikli demir ýol menzili bolup, bir wagtyň özünde 1 500 ýolagçyny kabul edip bilýär.

Täze ugurlar syýahatçylyk gatnaşyklaryny hem güýçlendirmelidir. Hususan-da, 1-nji oktýabrda bellenilýän milli baýramyň öňüsyrasynda açylan Içan — Sinşan demir ýolunyň Uhan, Çžençžou we Çunsin şäherleri bilen Ýanszy derýasyndaky Üç jülge sebiti ýaly meşhur syýahatçylyk ýerleriniň arasynda syýahatçylaryň akymyny artdyrmagyna garaşylýar.

Hytaý ýokary tizlikli demir ýol infrastrukturasyny giň gerimde ösdürmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýurduň hereket edýän demir ýollarynyň umumy uzynlygynyň 165 müň kilometre, şol sanda ýokary tizlikli demir ýollaryň uzynlygynyň 50 müň kilometrden gowrak bolmagyna garaşylýar. Milli meýilnamalara laýyklykda, 2035-nji ýyla çenli ýokary tizlikli demir ýollaryň ulgamynyň uzynlygy 70 müň kilometre çenli artdyrylmalydyr.

CCTV+ habar bermegine görä, dört täze liniýanyň açylmagy Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýol ulgamynyň giňeldilmeginiň nobatdaky tapgyry boldy.

Beýleki habarlar