Syçuan welaýatynda Szýalin derýasynyň üstünden geçýän köpriniň ähli bölekleriniň birleşdirilmegi tamamlandy

Sentýabr 29, 2026 | 19:50 |62
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Syçuan welaýatyndaky iri ulag infrastrukturasynyň gurluşygy täze tapgyra geçdi. Szýalin derýasynyň üstünden geçýän köpriniň ähli bölekleriniň birleşdirilmegi Nançun şäheriniň iki etrabynyň arasyndaky gatnaw wagtyny ep-esli gysgaltmagyna garaşylýan tiz awtomobil ýolunyň gurluşygyny tamamlamak ugrunda möhüm ädim boldy.

Hytaýyň günorta-günbataryndaky esasy desgalaryň biri bolan, Lançžun — Inşan tiz awtomobil ýolunyň düzümine girýän, uzynlygy 1 379 metr bolan Szýalin derýasynyň üstünden geçýän köpriniň ähli bölekleri şenbe güni ýagdaýyna görä üstünlikli birleşdirildi.

Bu tapgyryň tamamlanmagyndan soň gurluşyk işleri indiki tapgyra geçýär. Ol ýol düşegini düşemek ýaly işleri öz içine alýar.

Uzynlygy 103 kilometr bolan Lançžun — Inşan tiz awtomobil ýoly Syçuan welaýatynyň Nançun şäher okrugynyň düzümindäki Lançžun şäherini we Inşan uýezdini birleşdirýär.

Awtomobil ýolunyň şu ýylyň ahyrynda ulaglaryň hereketi üçin açylmagy meýilleşdirilýär. Ol ulanmaga girizilenden soň Nançun şäher okrugynyň ähli uýezdleri tiz awtomobil ýollarynyň toruna birikdiriler.

Täze awtomobil ýoly Lançžun bilen Inşanyň arasyndaky gatnaw wagtyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berer — takmynan 2,5 sagatdan 40 minuta çenli.

CCTV+ habar bermegine görä, Szýalin derýasynyň üstünden geçýän köpriniň ähli bölekleriniň birleşdirilmeginiň tamamlanmagy Syçuan welaýatyndaky Lançžun — Inşan tiz awtomobil ýolunyň gurluşygynda nobatdaky möhüm tapgyr boldy.


Beýleki habarlar