Wang Ýi: Hytaý bilen Fransiýanyň özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmalydyr

Dekabr 04, 2025 | 14:25 |67
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi çarşenbe güni Pekinde Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Noel Barro bilen duşuşdy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy bolan Wang Ýi, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň Hytaýa dördünji döwlet saparynyň ähmiýetini bellemek bilen, ol iki döwletiň baştutanlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň her biriniň diňe bir Hytaý-Fransuz gatnaşyklarynda möhüm waka bolman, eýsem olara halkara derejesinde hem uly üns berilýändigini aýtdy.

Wang Ýi dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe Hytaý bilen Fransiýanyň özara gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrylmak zerurdygyny nygtady, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan iri döwletler hökmünde jogapkärçilikleri bilelikde öz üstlerine almalydygyny belledi. Ol şeýle hem bu döwlet saparynyň iki tarapyň bilelikdäki tagallalary arkaly geljekde birek-birege ynamy has-da berkitjekdigine hem-de Hytaý-Fransuz giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyny giňeltmeklige täze itergi berjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Wang Ýi Taýwan meselesinde Ýaponiýanyň häzirki baştutanynyň nädogry beýanatlaryny we döräp biläýjek howplary düşündirdi hem-de Hytaý döwletiniň bu babatda ýörelgelerini we garaýşyny beýan etdi. Ol ikinji jahan urşunyň ýeňiji ýurtlary hökmünde Hytaýyň we Fransiýanyň şol urşuň kynçylyk bilen gazanylan netijelerini bilelikde gorap saklamalydygyny nygtady.

“Özüniň kanuny ýörelgesine we garaýşyna Fransiýanyň düşünmek bilen goldamagyny dowam etdirjekdigine Hytaý umyt edýändir we ynanýandyr” diýip, Wang Ýi sözüniň üstüni ýetirdi.

Žan-Noel Barro Prezident Makronyň Hytaý döwleti bilen özara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary hökmünde Fransiýanyň we Hytaýyň dünýä parahatçylygyny bilelikde gorap saklamak jogapkärçiligini deň derejede paýlaşýandygyny belledi. Fransuz tarapy “bir bitewi Hytaý” syýasatyny berk goldaýar we Prezident Makronyň bu döwlet sapary arkaly iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga umyt edýär diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki habarlar