Doland Tramp Si Szinpine Hytaýyň we ABŞ-nyň geljegi üçin bilelikde işleşmäge wada berdi

Sentýabr 25, 2026 | 23:10 |75
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Ak Tamda garşylamak dabarasy Hytaýyň we ABŞ-nyň liderleriniň göni gatnaşyklary dowam etdirmäge isleginiň ýene bir açyk alamaty boldy. Döwlet sapary bilen gelen Si Szinpini garşylap Donald Tramp iki ýurduň geljegi üçin bilelikde işleşmäge taýýardygy mälim etdi.

Penşenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamda Hytaýyň Başlygy Si Szinpini garşylamak dabarasyny geçirdi we Hytaý bilen ABŞ üçin has gowy geljegi gurmak üçin onuň bilen işleşmäge taýýardygyny mälim etdi.

Doland Trampyň çakylygy boýunça Si Szinpin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna döwlet saparyny amala aşyrýar. Bu Si Szinpiniň 2015-nji ýyldaky saparyndan soň ABŞ-na ikinji döwlet saparydyr. Bu sapar Doland Trampyň maý aýynda Hytaýa eden döwlet saparyndan birnäçe aý soň amala aşyrylýar.

Penşenbe güni Ak Tamda geçirilen garşylamak dabarasynda liderleriň ikisi hem çykyş etdiler.

Donald Tramp Si Szinpine we onuň maşgalasy Pen Liýuana bu sapar üçin minnetdarlyk bildirip, ony taryhy sapar diýip atlandyrdy.

“Başlyk Si Szinpin we men iki ýurduň has gowy geljegini gurmak üçin bilelikde işlemegimizi dowam etdireris. Başlyk Si Szinpin, hanym Pen Liýuana, bu taryhy sapar üçin size ýene-de sag bolsun aýdýarys we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hoş geldiňiz” — diýip, Donald Tramp aýtdy.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, garşylamak dabarasy Si Szinpiniň ABŞ-na amala aşyran döwlet saparynyň we iki lideriň arasyndaky duşuşyklaryň maksatnamasynyň bir bölegi boldy.


Beýleki habarlar