Si Szinpin we Donald Tramp Ak Tamda garşylamak dabarasyny geçirdiler we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler

Ak Tamda geçirilen garşylamak dabarasy Hytaýyň we ABŞ-nyň liderleriniň gepleşikleriniň resmi başlangyjyna öwrüldi. Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bar bolan çylşyrymly meseleleriň döwründe taraplar dialogy dowam etdirmäge we hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri gözlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Çykyşlarynda Si Szinpin we Donald Tramp özara bähbitler, söwda, emeli aň, howpsuzlyk hem-de halkara ösüşiniň has giň meseleleri barada gürrüň etdiler.
Penşenbe güni irden Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan Ak Tamda guralan garşylamak dabarasyna gatnaşdy. Ak Tamyň öňünde Si Szinpini we onuň maşgalasy Pen Liýuanany Donald Tramp we onuş maşgalasy Melaniýa Tramp garşylady.
Iki ýurduň liderleri we olaryň maşgalalary bilelikde surata düşdüler, şondan soň döwlet Baştutanlary Ak Tama ugradylar. Harby orkestr Hytaýyň we ABŞ-nyň döwlet gimnlerini ýerine ýetirdi, soňra Si Szinpin we Donald Tramp çykyş etdiler.
Si Szinpin 1,4 milliarddan gowrak hytaýlynyň adyndan ABŞ halkyna tüýs ýürekden salamyny ýetirdi we ABŞ-ny Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy bilen gutlady.
Hytaý lideriniň aýtmagyna görä, ol Donald Trampyň çakylygy boýunça dostlugy dowam etdirmek, hyzmatdaşlygy giňeltmek we iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna ýardam bermek maksady bilen ABŞ-a geldi.
Dünýäde bolup geçýän düýpli özgerişler barada aýdyp, Si Szinpin Hytaýyň we ABŞ-nyň iri döwletler hökmünde adamzadyň ösüşine we ilerlemegine ýardam etmek boýunça taryhy jogapkärçiligiň bardygyny belledi.
Ol şu ýylyň maý aýynda Donald Trampyň Hytaýa saparynyň dowamynda taraplaryň strategik durnuklylyga esaslanýan konstruktiw hytaý-amerikan gatnaşyklaryny gurmak barada ylalaşandyklaryny ýatlatdy. Si Szinpin hytaý-amerikan gatnaşyklaryny durnukly ugra gönükdirmek üçin Donald Tramp bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny aýtdy.
Hytaýyň lideri şeýle hem iki ýurduň arasynda aragatnaşygy pugtalandyrmaga çagyrdy. Onuň sözlerine görä, milli şertleriň tapawutlydygyna garamazdan, aç-açan, çuňňur we üznüksiz dialog taraplara biri-birine has gowy düşünmäge, tapawutlary bir gapdala goýup, umumy nokatlary gözlemäge we özara ynamy pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.
Si Szinpin Hytaýyň we ABŞ-nyň bähbitleriniň biri-biri bilen çuňňur baglanyşyklydygyny we iki ýurduň bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dünýäniň ähli meselelerini çözüp bilmez, emma hyzmatdaşlyk bolmasa, olaryň köpüsini çözmek kyn bolar.
Ol emeli aň meselesine aýratyn ünsi çekip, Hytaýyň we ABŞ-nyň bu ugurda öňdebaryjy döwletler bolup durýandygyny we emeli aňy adamlaryň bähbidine ösdürmek we dolandyrmak boýunça jogapkärçiligiň bardygyny belledi. Onuň sözlerine görä, emeli aňyň ösüşi adamyň gözegçiliginde bolmaly we jemgyýetiň abadançylygyna hyzmat etmeli.
Si Szinpin şeýle hem Hytaýy we ABŞ-ny parahatçylykly ýaşaşmaga çagyrdy. Ol iki ýurduň hyzmatdaşlykdan utuş gazanjakdygyny, garşydaşlyk ýagdaýynda bolsa ýitgi çekjekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, taraplar çaknyşyksyz we gapma-garşylyksyz gatnaşyklar ýörelgesine eýermeli, «Fukidid duzagyny» bolsa ýeňip geçmek mümkin.
Hytaý lideri Ikinji jahan urşy döwründe iki ýurduň umumy taryhyny hem ýatlatdy. Şol döwürde hytaýlylar we amerikalylar faşistik duşmana garşy bilelikde göreşipdiler.
Iki ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň geljegi üçin halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, Si Szinpin geljekki bäş ýylyň dowamynda tejribe alyşmak we bilim almak üçin 100 müň ýaş amerikalyň Hytaýa baryp görmegi baradaky çakylygy mälim etdi.
Ol şeýle hem birnäçe günden soň bir jübüt äpet pandanyň Atlantadaky haýwanat bagyndaky täze öýüne geljekdigini habar berdi. Si Szinpin pandalary Hytaýyň we ABŞ-nyň halklarynyň arasyndaky «dostlugyň ilçileri» diýip atlandyrdy.
Si Szinpiniň aýtmagyna görä, hytaý milletiniň beýik galkynyşy bilen Amerikanyň beýikligini gaýtadan dikeltmek bilelikde amala aşyrylyp bilner. Ol taraplary iki ýurduň halklarynyň garaşýan umytlaryny ödemäge we has gowy dünýäni gurmak ugrunda işlemek bilen olaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirmäge çagyrdy.
Öz gezeginde Donald Tramp döwlet sapary bilen gelen Si Szinpini mähirli garşylady. Ol özüniň Hytaýyň lideri bilen özara hormata esaslanýan we iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklaryň emele gelendigini aýtdy.
Tramp Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän gatnaşyklara ünsi çekdi we iki ýurduň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini hem-de has parahat dünýäni gurmaga goşant goşjakdygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gepleşikleriň dowamynda liderler söwda, howpsuzlyk, emeli aň, ylym we tehnologiýalar hem-de beýleki ugurlar boýunça pikir alyşmalary çuňlaşdyrarlar we geljekki onýyllyklarda parahatçylygyň we gülläp ösüşiň binýadyny goýarlar.
Tramp şeýle hem Ikinji jahan urşy döwründe Hytaýyň we ABŞ-nyň faşizme garşy bilelikde göreşendigini ýatlatdy we meşhur «Uçýan gaplaňlar» toparynyň düzümindäki amerikan meýletinçilerini aýratyn belledi.
Çykyşlardan soň Si Szinpin we Doland Tramp zenanlary bilen bilelikde Ak Tamyň eýwanyna çykyp, ABŞ-nyň Deňiz pyýada goşunynyň sessiz hatar taýýarlygy boýunça bölüminiň çykyşyna syn etdiler.
Soňra iki jübüt Gül bagyna ugradylar. Bu ýerde surnaýçylaryň we baýdak göterijileriň gatnaşmagynda harby parad geçirildi. Dabaranyň çäklerinde harby orkestrleriň çykyşlary we görkezme çykyşlary görkezildi.
Garşylama dabarasyndan soň Si Szinpin we Donald Tramp maşgalalary bilen bilelikde Owal otaga girdiler we özara salamlaşdylar.
Trampyň çakylygy boýunça Si Szinpin 23–25-nji sentýabr aralygynda ABŞ-da döwlet saparynda bolýar. Bu onuň 2015-nji ýyldaky saparyndan soň ABŞ-a amala aşyrýan ikinji döwlet sapary we on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Waşingtona ilkinji saparydyr. Bu sapardan öň Tramp şu ýylyň maý aýynda Pekine barypdy. “CCTV+”-niň habar bermegine görä, saparyň dowamynda iki ýurduň liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary we halkara parahatçylygy hem-de ösüşi bilen bagly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.








