Elektromobillere ählumumy geçiş: Haýkouda 2026-njy ýylyň Bütindünýä elektromobiller kongresi açyldy

Elektrik ulaglaryna geçmek dünýä awtoulag senagatynyň özgerişiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Bu ugurda tehnologik innowasiýalar durnukly ösüş, üpjünçilik zynjyrlarynyň howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlygy bilen barha ýakyndan utgaşýar. Şu ýagdaýyň çäginde Haýkou elektromobil senagatynyň ählumumy ösüşiniň indiki tapgyrynyň nähili bolup biljekdigini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüldi.
Sişenbe güni Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynyň dolandyryş merkezi Haýkou şäherinde 2026-njy ýylyň Bütindünýä elektromobiller kongresi açyldy. Haýnan Halkara kongres-sergi merkezinde dünýäniň awtoulag öndürijileri, öňdebaryjy ylmy-barlag edaralary we pudagyň wekilleri ýygnandy.
Gatnaşyjylar tehnologik innowasiýalary, üpjünçilik zynjyrlarynyň howpsuzlygyny we awtoulaglarda emeli aňyň barha giňden ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Häzirki kongresiň maksatlarynyň arasynda 2035-nji ýyla çenli dünýä awtoulag bazarynda elektromobilleriň paýynyň 50 göterime ýetirilmegine ýardam bermek, innowasiýalaryň hasabyna pudagyň ösüşini höweslendirmek we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda Haýnan erkin söwda portuny döretmegiň çägindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek bar.
Çäräniň maksatnamasy esasy forumy, on tematik sessiýany, üç ýapyk mejlisi we alty ugurdaş çäräni öz içine alýar.
Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň Maşyn gurluşygy senagatynyň birinji müdirliginiň baş direktory Go Şougan dünýä elektromobil bazarynyň çalt depginler bilen ösmegini dowam etdirýändigini belledi. Soňky maglumatlara görä, häzirki wagtda elektromobiller dünýä boýunça awtoulag satuwynyň 25 göterimden gowragyny emele getirýär.
«Biz awtoulag senagatynyň obýektiw kanunlaryna hormat goýmalydyrys. Olara laýyklykda, netijeliligi ýokarlandyrmak zähmetiň we hyzmatdaşlygyň ählumumy bölünişigi arkaly gazanylýar. Biz proteksionizme we birtaraplaýyn hereketlere garşy çykyş edýäris hem-de adalatly, diskriminasiýa ýol bermeýän we öňünden çaklap bolýan söwda kadalaryny bilelikde döretmeli, şeýle hem açyk, durnukly we özara bähbitli ykdysady-söwda tertibini goramalydyrys» diýip, Go Şougan aýtdy.
Hytaýyň Awtoulag tehnologiýalary we ylmy-barlag merkezi baş müdiriniň orunbasary Çžou Huanyň sözlerine görä, kongres dünýäniň awtoulag öndürijilerini, synag institutlaryny we ylmy-barlag serişdelerini birleşdirip, halkara bilelikdäki ylmy-barlag we işläp taýýarlama işleri, şeýle hem deňeşdirme synaglary üçin meýdança döredýär.
Kongresde Haýnan welaýatynyň tejribesine aýratyn üns berilýär. Welaýat arassa energiýa adasyny döretmegiň çäginde ekologiýa taýdan arassa ulag ulgamyny yzygiderli ösdürýär we pudak üçin täze platformalary hödürleýär.
«Welaýatda elektromobilleriň ýaýraw derejesi ýokary bolmagynda galýar: awgust aýynda satylan täze awtoulaglaryň dörtden üç bölegi elektromobiller boldy. Ekologiýa taýdan arassa ulaglara bolan isleg ýokary we häzirki wagtda elektromobiller awtoulag satuwynyň ösüşiniň esasy hereketlendirijisidir. Welaýatda 310 müňden gowrak zarýad beriş stansiýasy we 110-dan gowrak batareýa çalyşmak stansiýasy bar» diýip, Haýnan welaýatynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary departamentiniň elektromobilleri ösdürmek we olara gözegçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary Ýu Huan aýtdy.
Kongres üç gün dowam eder, penşenbe gününden başlap bolsa onuň meýdançalary giň halk köpçüligi üçin açyk bolar. “CCTV+”-niň habar bermegine görä, çäre elektromobil pudagynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak we ählumumy hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin halkara serişdeleri we hünärmenlik mümkinçiliklerini birleşdirmegi maksat edinýär.








