Si Szinpin Fransiýanyň Prezidenti bilen gepleşik geçirer
Dekabr 04, 2025 | 14:25 |44

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hepdäniň penşenbe güni Pekinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşik geçirer.
Çarşenbe güni Si Szinpiniň çakylygy boýunça Emmanuel Makron döwlet sapary bilen Hytaýyň Pekin şäherine geldi. Bu döwlet sapary depdäniň anna gününe çenli dowam eder.
Bu Makronyň Hytaýa dördünji döwlet sapary bolup, Si Szinpiniň geçen ýyl Hytaý-Fransuz diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli Fransiýa amala aşyran taryhy döwlet saparyndan soňky geçiriljek duşuşykdyr.







