Hytaý internetde kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak boýunça düzgünleri işläp taýýarlady

Internet çagalar üçin bilim we aragatnaşyk dünýäsiniň gapylaryny açýar, şol bir wagtyň özünde olaryň psihikasyna we howpsuzlygyna täsir edip biljek töwekgelçilikleri hem döredýär. Sanly gurşawda kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak diňe bir gadaganlyklar bilen çäklenmän, olaryň ýaşyny we ösüş aýratynlyklaryny nazara alýan oýlanyşykly mehanizmleri talap edýär. Hytaý beýleki ýurtlar üçin hem görelde bolup biljek täze çemeleşmäni hödürleýär.
Hytaýyň Kiber giňişlik meseleleri boýunça edarasy kämillik ýaşyna ýetmedikleriň internetden sagdyn we howpsuz peýdalanmagyny üpjün etmek maksady bilen, degişli hyzmat üpjün edijiler üçin birnäçe düzgünleri öz içine alýan düzgünleriň toplumyny işläp taýýarlady. Taslama anna güni çap edildi we 17-nji oktýabra çenli jemgyýetçilik ara alyp maslahatlaşmasyna hödürlendi. Taslama kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin ýörite niýetlenen, olaryň fiziki we psihologik ösüşiniň kanunalaýyklyklaryny we aýratynlyklaryny, şeýle hem internet tehnologiýalaryny nazara alýan akylly terminal enjamlarynyň barlagyny, işlenip taýýarlanylmagyny we önümçiligini höweslendirýär. Şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sagdyn ösüşine ýardam berýän internet tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny ösdürmek teklip edilýär.
Taslamada kämillik ýaşyna ýetmedikleriň nätanyş adamlar bilen onlaýn sosial aragatnaşygyna şeýle hem olarda endiklilik döredip ýa-da fiziki we psihiki saglygyna zyýan ýetirip biljek onlaýn hyzmatlara sezewar edilmeli däldigi bellenilýär. 16 ýaşdan kiçi kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin onlaýn jemgyýetçilik aragatnaşygy we olaryň aň-bilim ukyplaryna täsir edip biljek emeli aň hyzmatlary ýaly internet hyzmatlary diňe kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin niýetlenen ýörite tertipde hödürlenip bilner.
Resminamada kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin niýetlenen ýörite tertibiň wezipeleri hem anyklaşdyrylýar. Olar internetde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň fiziki we psihiki saglygyna zyýanly maglumatlary ýüze çykarmagy, olaryň şahsy maglumatlary babatda hukuklaryny we bähbitlerini goramagy, internede baglylygynyň öňüni almagy, şeýle hem hossarlara gözegçilik we terbiýeçilik borçlaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermegi öz içine alýar. Hytaýyň internet ösüşi boýunça 57-nji statistik hasabatynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabry ýagdaýynda ýurtda 6 ýaşdan 19 ýaşa çenli bolan 200 milliondan gowrak internet ulanyjysy bardy.
Hytaýyň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary akademiýasynyň direktorlygynyň orunbasary Wan Çžisin sosial ulgamlaryň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň psihologik abadançylygyna, özüni alyp barşyna we howpsuzlygyna barha aýdyň täsir etmegi bilen baglylykda, soňky döwürde köp ýurtlaryň we sebitleriň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial media platformalaryndan peýdalanmagy üçin hukuk taýdan has berk çäkleri girizmegiň ýollaryny öwrenip başlandygyny aýtdy. Wanyň sözlerine görä, bu taslama internetde kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak boýunça Hytaýyň aýratynlyklaryna laýyk gelýän nusgany teklip edýär we onlaýn gurşawda kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramagy güýçlendirmek boýunça ählumumy tendensiýa oňyn jogap bolup durýar.
“CCTV+”-niň habar berşi ýaly, täze düzgünler çagalar we ýetginjekler üçin howpsuz sanly gurşawy döretmäge gönükdirilendir. Jemgyýetçilik ara alyp maslahatlaşmasy 17-nji oktýabra çenli dowam eder. Şondan soň resminama gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen kämilleşdirilip bilner.








