Hytaýda robot ýol hereketini sazlaýar

Dekabr 03, 2025 | 20:10 |90
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Emeli intellekt arkaly işleýän “Hangxing No.1” roboty Hangžou şäheriniň köçelerinde ýol hereketini sazlaýyş işlerine girişdi. Polisiýanyň ýerli ýol-gözegçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen bu robotda üç ölçegli HD kameralary we sensorlary oturdylyp, ýol-ulag hereket düzgünleriniň bozulmalaryny edil häzirki wagtda bellige alýar hem-de pyýada ýolagçylara we motorsyz ulag serişdelerine ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini sesli ýazgy arkaly ýatladýar.

“Hangxing No.1” roboty ýol-ulag hereketine gözegçilik etmekden başga-da, polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärlerine ýol hereketini dolandyrmakda we düzgün-tertibi saklamakda ýardam bermek üçin ýol-ulag hereketini düzgünleşdiriji yşyklar bilen sazlaşykly işläp bilýär. Robotyň işjeň hereketliligi ony dürli çatryklarda gysga wagtda işe girizmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu robot iki tertipde işleýär, ýagny ulag hereketlerini gatnaw ýolunyň ortasynda gönükdirmek hem-de çatryklarda sazlamak işlerini ýerine ýetirýär.

Ilkinji geçirilen synagdan soň, geljekki täzelenmeleriň roboty sesli aragatnaşyk we buýruk dolandyryşyny üpjün etmek üçin uly dil modeli bilen üpjün etmegine, şeýle hem onuň akylly şäher ýol hereketini dolandyrmakdaky roluny has-da ýokarlandyrmagyna garaşylýar.

Emeli intellekt arkaly işleýän ýol hereketini dolandyryş roboty häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Geljekde robotyň ýol-ulag hereketine gatnaşyjylara oňaýly görnüşde ýardam bermegi üçin onda sesli gürleşmek we buýruklary ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän giň dil modeliniň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Beýleki habarlar