«Ählumumy saglygy goraýyş forumy 2026»: Emeli aň täze mümkinçilikleri açýar, ýöne adam gözegçiligini talap edýär

Emeli aň saglygy goraýyş ulgamyna barha çuňňur ornaşdygyça, diňe bir lukmançylygyň özi däl, eýsem saglygy goraýyş ulgamlarynyň nähili işlemelidigi baradaky düşünje hem üýtgeýär. Tehnologiýalar netijeliligi ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar, şol bir wagtyň özünde bolsa has berk kadalary we adam gözegçiligini talap edýär. Täzelikçilik bilen jogapkärçiligiň arasynda deňagramlylygy tapmak Haýkouda geçirilen «Ählumumy saglygy goraýyş forumy 2026»-nyň ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriniň birine öwrüldi.
Çarşenbe güni Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynyň Haýkou şäherinde ählumumy saglygy goraýşy dolandyrmak we halkara hyzmatdaşlygy meselelerine bagyşlanan «Ählumumy saglygy goraýyş forumy 2026» atly maslahat geçirildi.
Aziýa üçin Boao forumy tarapyndan guralan bu forum umumy saglygy goraýyş meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylary bir ýere jemledi.
«Ählumumy saglygy goraýşy ösdürmegiň ýolunda öňümizde entek uzak ýol bar. Saglygyň durnukly we ýokary hilli ösüşiň düýpli binýady bolup hyzmat etmegi üçin has köp ylalaşyga gyssagly ýagdaýda ýetmeli, jebisligi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaly» — diýip, Hytaýyň Halk syýasy maslahatlaşmalar geňeşiniň Milli komitetiniň başlygynyň orunbasary Lýun Çun-in belledi.
Maslahatda sagdyn garramakdan başlap, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga çenli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy mowzuklaryň biri bolsa lukmançylyk pudagyny çalt depginlerde üýtgedýän emeli aň boldy.
Şol bir wagtyň özünde, iň möhüm üýtgeşmeler hassalaryň-da, lukmanlaryň-da gös-göni duýmaýan ugurlarynda bolup biler. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Maglumatlar, sanly saglygy goraýyş, seljerme we emeli aň bölüminiň direktory Alen Labrigiň aýtmagyna görä, gös-göni gözegçilikden daşda galýan şeýle çözgütler iň geljegi uly ugurlaryň hataryna girip biler.
«Meniň pikirimçe, emeli aňyň iň gyzykly ulanylyş usullarynyň käbiri biziň görmeýänlerimizdir. Olar gös-göni näsaga kömek etmeýär. Göni lukmana-da kömek etmeýär, ýöne ulgamlaryň has netijeli işlemegini üpjün edýär» — diýip, Labrik aýtdy.
Şeýle-de bolsa, mümkinçilikler bilen bir hatarda aladalar hem saklanyp galýar. Hususan-da, emeli aňyň saglygy goraýyşda ulanylmagy «galýusinasiýa» diýlip atlandyrylýan hadysalaryň, ýagny ulgamyň ynandyryjy, ýöne nädogry maglumatlary döretmeginiň töwekgelçiligi bilen baglydyr. Forumyň gatnaşyjylary şeýle töwekgelçilikleriň degişli düzgünleşdirme we netijeli adam gözegçiligi arkaly azaldylyp bilinjekdigini bellediler.
«Eger men kalkulýator ulanyp, oňa iki goşmak iki diýip girizenimde, ol bäş diýse, jogapkärçilik şol enjam bilen işleýän adamyň üstüne düşýär. Şonuň üçin tehnologiýanyň aňyrsynda duran adam örän ünsli bolmaly, zerur tehnologik başarnyklara eýe bolmaly we onuň bilen netijeli işlemegi başarmaly» — diýip Bangladeşiň Saglygy goraýyş we maşgala abadançylygy ministri Sardar Md. Sahawat Huseýn aýtdy.
Labrik jogapkärçiligiň tehnologiýalary işläp düzýänlere-de degişli bolmalydygyny nygtady. «Adamlaryň zerurlyklaryna laýyk gelýän dogry gurallara elýeterliligini kepillendirýän gözegçilik edaralarynyň we düzgünleşdirme ulgamlarynyň bolmagy örän möhümdir. Şeýle hem ýalňyşlyklar ýüze çykan ýagdaýynda kompaniýalaryň we ulgamlaryň jogapkärçiligini üpjün etmeli» — diýip ol belledi.
Gatnaşyjylar şeýle hem saglygy goraýşy ählumumy derejede dolandyrmagyň çalt depginlerde bolup geçýän tehnologik üýtgeşmelerden yza galmaly däldigini, täze mümkinçiliklere-de, ýüze çykýan howplara-da bilelikde jogap bermek üçin ýurtlary birleşdirmelidigini bellediler. “CCTV+”-niň habar bermegine görä, emeli aň saglygy goraýyş ulgamyny üýtgedýändigiçe, halkara hyzmatdaşlygyny we düzgünleşdirme mehanizmlerini ösdürmek barha möhüm ähmiýete eýe bolýar.








