Sýanşan forumy adaty bolmadyk ugurlary, şol sanda kosmos giňişliginiň howpsuzlygyny hem öz içine aldy

Howpsuzlyk indi diňe serhetler we goşunlar bilen çäklenmeýär. Täze tehnologiýalar we umumy giňişlikler — kosmos, ummanlar, sanly gurşaw — täzeçe pikirlenmegi we giň gerimli dialogy talap edýär. Şonuň üçin hem iri forumlaryň çäklerinde geçirilýän ara alyp maslahatlaşmalar barha dürli ugurlary öz içine alyp, has çuňlaşýar.
Bilermenleriň biriniň belleýşi ýaly, çarşenbe güni geçirilen 13-nji Pekin Sýanşan forumynyň çäklerindäki ugurdaş mejlislerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler köp ýyllaryň dowamynda üns merkezinde bolan däp bolan soraglaryň çäginden çykyp, kosmos giňişliginiň howpsuzlygy ýaly täze we geljegi uly ugurlary hem öz içine aldy. «Durnuklylyk meselelerinde ylalaşyga ýetmek, howpsuzlygy dolandyrmagy bilelikde ösdürmek» şygary bilen şu ýyl geçirilýän forum sişenbe güni açyldy we penşenbe gününe çenli dowam eder. Oňa 100-e golaý ýurtdan we halkara guramalaryndan bilermenler hem-de alymlar gatnaşýar.
Sekiz ugurdaş mejlis günortandan soň bir wagtyň özünde başlandy we olaryň temalary biri-birinden düýpli tapawutlandy. Olaryň käbirleri dünýäni biynjalyk edýän howpsuzlyk ulgamyndaky köpden bäri dowam edip gelýän gurluşlaýyn gapma-garşylyklara bagyşlanan bolsa, beýlekiler kosmos giňişligi we täze tehnologiýalar ýaly täze ýagdaýlara içgin garady. Adatça, plenar mejlislerde jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy kyn bolan köp sanly mesele goşmaça meýdançalarda has giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Ugurdaş mejlislerde çykyş eden belli bilermenler halkara gatnaşyklary, sebitde parahatçylyk we täze tehnologiýalar bilen baglanyşykly meseleler boýunça öz garaýyşlaryny paýlaşdylar.
«Öňler biz esasan howpsuzlygyň däp bolan meselelerini ara alyp maslahatlaşýardyk, indi bolsa bu meseleler adaty bolmadyk ugurlary hem öz içine alýar. Emeli aňyň harby maksatlarda ulanylmagy, emeli aňyň howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler we kosmos giňişliginiň howpsuzlygy — bularyň ählisi täze we geljegi uly ugurlardyr. Däp bolan we adaty bolmadyk bu meseleleriň ählisi özara baglanyşykly. Şonuň üçin hem forumyň ähmiýeti barha artýar» diýip, forumyň uly geňeşçisi Lo Ýuan aýtdy.
Bu mejlislerde geçirilen çekişmeleriň dowamynda deňiz gatnaw ýollarynyň howpsuzlygy we deňiz howpsuzlygyny dolandyrmak, howpsuzlyk meselelerini çözmekde Aziýa çemeleşmeleri, köptaraplylyga tarap meýil we halkara tertibi ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylar dürli derejelerde we dürli ugurlar boýunça pragmatik pikir alyşdylar.
«Men bogazlardaky ýagdaý we deňizde erkin gatnaw meselesi barada örän alada edýärin. Şonuň üçin hem bu ýerde geçirilýän dürli temalara we çekişmelere üns bererin. Bu örän gyzykly. Meniň pikirimçe, bu bütin dünýä üçin ägirt uly mesele» diýip, Çiliniň goranmak ministriniň öňki orunbasary Rikardo Alýende aýtdy.
Şu ýyl bu forum 2006-njy ýylda analitiki merkezleriniň arasynda tejribe alyşmagyň bir görnüşi hökmünde döredilen Pekin Sýanşan forumynyň 20 ýyllygyny belleýär.
CCTV+ agentliginiň habar berşi ýaly, Sýanşan forumy howpsuzlyk gün tertibiniň giňelýändigini, ugurdaş mejlislerde bolsa plenar mejlislerde ara alyp maslahatlaşmak kyn bolan meseleleriň has çuňňur öwrenilmegine mümkinçilik döredilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.








