Uhanda tölegsiz suwly jemgyýetçilik sowadyjylary şäherlileri birleşdiren ýagşylygyň nyşanyna öwrüldi

Ýagşylyk seýrek ýagdaýda gaty ýaňlanýar bolýar. Ol ownuk-uşak zatlarda ýüze çykýar: günüň dowamynda günüň aşagynda zähmet çeken adam üçin goýlan bir çüýşe suwda, alan zadyňdan has köp zat beresiň gelmeginde. Hut şeýle göze ilmeýän hereketlerden adamlaryň arasyndaky ynam kemala gelýär we ykdysady görkezijiler bilen ölçäp bolmaýan jebislik duýgusy döreýär.
Hytaýyň merkezindäki Uhan şäherinde mugt agyz suwy goýulýan jemgyýetçilik sowadyjylary ýerli ýaşaýjylaryň ýagşylygynyň nyşanyna öwrüldi. Olar günüň astynda işleýän adamlary suw bilen üpjün etmek üçin sowadyjylardaky suw gorlaryny yzygiderli doldurýarlar. Köçeleriň burçlarynda ýerleşdirilen bu «dostlukly sowadyjylar» arassaçylyk gullugynyň işgärleri, kurýerler we günüň aşagynda zähmet çekýän beýleki adamlar üçin çüýşedäki agyz suwy goýulýar.
Jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri sowadyjylary tertibe salmak we suw gorlaryny doldurmak üçin yzygiderli gelip durýardylar. Emma bir gün olar garaşylmadyk zada göz ýetirdiler: suw azalman, tersine, köpelýärdi. «Sowadyjylarymyzdaky suwuň mukdarynyň köpelendigini gördük. Biz muňa gaty geň galdyk. Men hemişe: “Suw nädip beýle köpelip bilýär?” diýip oýlanýardym» diýip, Uhan şäheriniň Hanýan etrabyndaky jemgyýetçilik guramasynyň işgäri Lýu Şanşan aýtdy.
Wideogözegçilik kameralary artykmaç suwuň nireden peýda bolýandygynyň syryny açmaga kömek etdi we adamlaryň jebisliginiň täsirli mysalyny görkezdi. Görlüp oturylsa, köp adamlar çüýşedäki suwy alandan soň, sowadyjylardaky suw gorlaryny täzeden doldurýardylar. Käbirleri ykjam enjamlaryň üsti bilen sargyt edip, eltip bermegiň salgysy hökmünde sowadyjylaryň ýerleşýän ýerlerini görkezýärdiler. Beýlekiler hem özleriniň kiçijik goşandyny goşup, ýoldan geçip barýarkalar täze suw satyn alyp, sowadyjylara goýýardylar.
«Men ýoldan geçip barýarkam kurýerleriň suw alýandygyny gördüm. Daşary örän yssy, kurýerler we arassalaýyş gullugynyň işgärleri bolsa şeýle köp zähmet çekýärler. Şonuň üçin iki gap suw satyn alyp, şol ýere goýdum» diýip, ýerli ýaşaýjy Huan Hanszýun aýtdy. «Birnäçe gezek suwy alanymdan soň, meniň hem biraz suw alyp, sowadyja goýmagym gerek diýip pikir etdim. Men ýagşylygy we mähri beýleki adamlara ýetirmek isleýärin» diýip, ýerli kurýer Wan Szýapin aýtdy.
Bu başlangyç geçen ýyl ýerli dükan eýesiniň guran söwda awtomatyndan başlandy. Ýagşy niýetli dükan eýesi çalt taýýarlanýan naharlary we çüýşedäki suwy bary-ýogy 0,01 ýuana satýardy. Şol bir wagtyň özünde ol açyk howada işleýän adamlara mugt gaýnadylan suw berýärdi. Soňra ýerli şäher ösüş edarasy we birnäçe kompaniýa bu başlangyja goşuldy. Şeýlelikde, bir söwda awtomatyndan başlanan pikir giňeldilip, şäheriň dürli ýerlerinde mugt agyz suwy bolan sowadyjylar goýuldy. Häzirki wagtda Uhan şäheriniň merkezinde şeýle 14 sany sowadyjy oturdyldy. Şäheriň köp ýaşaýjysy olaryň kadaly işlemegine ýardam berýär. «Biz olara örän minnetdar. Gerek wagtymyz agyz suwuny almak biziň üçin örän amatly» diýip, ýerli arassaçylyk gullugynyň işgäri Hu Min aýtdy.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Uhanyň «dostlukly sowadyjylary» baradaky bu waka aladadan ybarat ýönekeý pikiriň nädip tutuş şäher hereketine öwrülip bilýändigini görkezýär. Bir söwda awtomatyndan we bir ýagşylykdan başlanan başlangyç şäherlileriň özleri tarapyndan goldanylýan 14 nokatly ulgama öwrüldi. Bu bolsa ýagşylygyň ony edýän adamlaryň özlerine gaýdyp gelýändiginiň iň gowy mysallarynyň biridir.








