Hytaý kibergiňişlikde umumy geljekli jemgyýeti gurmaga taýýar — HHR-iň Daşary işler ministrligi

Internet millionlarça adamy birleşdirýär, emma onuň berýän mümkinçilikleri bilen bir hatarda töwekgelçilikleri hem bar. Howpsuz, açyk we hyzmatdaşlyga esaslanýan kibergiňişlik diňe bir tehniki mesele bolman, eýsem sanly döwürde parahatçylykly ýaşaşmagyň möhüm şertidir.
Hytaýyň kiberhowpsuzlyk hepdeliginiň açylyş dabarasy duşenbe güni Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň paýtagty Szinan şäherinde geçirildi. Bu çäre 14–20-nji sentýabr aralygynda ýurduň ähli künjeklerinde geçiriljek kiberhowpsuzlyk hepdeligine badalga berdi.
«Tor on müňlerçe kilometre uzap, on müňlerçe hojalygy birleşdirýär. Parahatçylykly, howpsuz, açyk we hyzmatdaşlyga esaslanýan kibergiňişlik dünýäniň her bir ýurdy üçin örän uly ähmiýete eýedir. 2014-nji ýyldan bäri Hytaý her ýyl Kiberhowpsuzlyk hepdeliginiň çäklerinde çäreler geçirýär. Bu çäreleriň maksady ähli adamlaryň kiberhowpsuzlyk babatyndaky habarlylygyny we başarnyklaryny ýokarlandyrmak, sagdyn we medeniýetli tor gurşawynyň döredilmegine ýardam etmek, şeýle hem internetiň dünýä derejesindäki dolandyrylyşy üçin peýdaly hytaý tejribesini hödürlemekden ybaratdyr» diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili Go Szýakun aýtdy.
«Häzirki wagtda täze tehnologiýalar, ilkinji nobatda bolsa emeli aň, kibergiňişligiň keşbini üýtgedýär. Kiberhowpsuzlygyň yzygiderli tarapdary hökmünde Hytaý emeli aňy kiberhowpsuzlyk boýunça milli hukuk binýadyna resmi taýdan girizdi we degişli institutlary, ýörelgeleri hem-de ahlak kadalaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýär.
Hytaý halkara jemgyýetçiligi bilen emeli aň eýýamynda kiberhowpsuzlyk töwekgelçiliklerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlyga, kibergiňişlikde umumy geljegi bolan jemgyýetiň döredilmegini öňe sürmäge we internetiň ähli ýurtlaryň halklaryna has gowy hyzmat etmegini üpjün etmäge taýýardyr» diýip, ol aýtdy.
CCTV+ habar berşi ýaly, Go Szýakunyň bu beýanaty Hytaýyň kiberhowpsuzlyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny we howpsuz sanly geljegi kemala getirmek üçin öz tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny görkezýär.








