“Hytaýa aň ýetirmek” maslahatynda Hytaýyň özgerişlikleriniň beýany

Hepdäniň duşenbe güni Guançžouda 2025-nji ýylyň “Hytaýa aň ýetirmek” atly maslahaty öz işini “Hytaýyň döwrebaplaşdyrylmagy we ählumumy dolandyryşa täze garaýyşlar” temasy bilen başlady. Bu çäre Hytaýyň ösüş ýoluna we syýasatyna aň ýetirmek üçin dünýäde iň ähmiýetli meýdançalaryň birine öwrüldi.
Maslahatda çykyş edenler, uzak möhletli ylmy-barlaglar we innowasiýalar bilen utgaşyp gidýän Hytaýy döwrebaplaşdyrmak usullary, Günbatar ýurtlaryna mahsus modellerden tapawutly bir ugry hödürleýändigini nygtadylar. 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäş ýyllyk meýilnamasynda yzygiderli ösüş, tehnologik taýdan özbaşdaklyk hem-de adamlaryň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlardyr.
Bu çärä gatnaşyjylar halkara jemgyýetçiligine, esasanam Günbatar ýurtlaryna, Hytaýyň alyp barýan ýoluna has gowy düşünmäge kömek etmegiň möhümdigini nygtadylar. Olar Hytaýyň özgertmeler depgininiň we ösüş usulynyň Ählumumy Günorta ýurtlarynyň hem-de dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döredip biljekdigini bellediler.
Hytaý döwleti sanly infrastruktura, emeli intellekt we önümçiligiň sanly ulgama geçirilmegi arkaly özüniň täze hilli önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmagy maksat edinýär. Munuň netijesinde Hytaýyň beýleki ýurtlara nusga bolup biljekdigi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürjekdigi, häzirki zaman ählumumy dolandyryşyny özgertmekde Hytaýyň rolunyň artjakdygy barada aýdyldy.







