Hytaý maglumatlara eýeçilik hukuklaryny resmi taýdan bellige almaga başlady

Maglumatlar önümçiligiň täze bir şertine öwrülýär we olaryň gymmaty günsaýyn artýar. Eýeçilik hukuklarynyň aýdyň kesgitlenmegi maglumatlardan netijeli peýdalanmagyň, olary goramagyň we adalatly alyş-çalyş etmegiň esasyny düzýär.
Anna güni Milli maglumatlar edarasy Hytaýyň maglumatlara eýeçilik hukuklaryny resmi taýdan bellige almaga başlandygyny habar berdi. Bu çäre maglumatlardan peýdalanmaga we olaryň gymmatyny ýüze çykarmaga has giň mümkinçilik berer. Bellige alyş ulgamy, aslynda, maglumatlaryň ähli görnüşleri üçin şahsyýetnama berýär. Ol maglumatlaryň kime degişlidigini, olaryň haýsy maksatlar üçin ulanylyp bilinýändigini we olardan kimiň peýdalanmagyna rugsat berilýändigini anyk kesgitleýär.
«Maglumatlara eýeçilik hukuklaryny milli derejede bitewi bellige alyş ulgamy uzak wagt bäri dowam edip gelýän maglumatlary bellige almagyň dürli görnüşleri, standartlaryň birmeňzeş bolmazlygy we özara ykrar etmegiň ýeterlik derejede bolmazlygy ýaly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer», diýip, Milli maglumatlar edarasynyň Syýasat we meýilleşdiriş departamentiniň direktory Luan Sze aýtdy.
Maglumatlara eýeçilik hukuklary maglumatlary saklamak, peýdalanmak we täjirçilik maksady bilen ulanmak hukuklaryny öz içine alýar. Mysal üçin, önümçilik we satyn alyşlar baradaky maglumatlary kanuny esasda ýygnaýan awtoulag öndürijisi maglumatlar toplumyna degişli üç hukugyň hem eýesi bolýar. Eger ol karz ukyplylygyny bahalandyrmak üçin maglumatlary bank bilen paýlaşsa, bank olary peýdalanmak hukugyna eýe bolýar. Eger maglumat söwdasynda araçy hökmünde çykyş etmek üçin başga bir gurama ygtyýar berse, şol araçy maglumatlary täjirçilik maksady bilen ulanmak hukugyna eýe bolýar.
«Maglumatlary saklamak, peýdalanmak we işlemek hukuklary biri-birinden garaşsyz. Arza berijiler bu hukuklaryň birini, ikisini ýa-da üçüsiniň hemmesini bellige alyp bilerler. Ýer we zähmet ýaly önümçiligiň däp bolan şertlerinden tapawutlylykda, maglumatlar göçürilip we başga ýere geçirilip bilner. Mysal üçin, maglumatlaryň belli bir toplumyny peýdalanmak hukugy bir wagtyň özünde birnäçe tarapa degişli bolup biler. Şoňa görä-de, kanuny we talaplara laýyklykda alnan islendik maglumat bellige alnyp bilner», — diýip, Luan düşündirdi.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, maglumatlara eýeçilik hukuklaryny bellige almagyň bitewi ulgamynyň girizilmegi Hytaýyň sanly ykdysadyýetini kemala getirmekde möhüm ädim boldy. Bu ulgam diňe bir maglumat eýeleriniň hukuklaryny goramaga däl, eýsem maglumatlary alyş-çalyş etmek we täjirleşdirmek üçin aýdyň şertleri döretmäge hem mümkinçilik berer. Netijede bolsa, innowasion ösüşiň depginini çaltlandyrar.








