Şanhaýdaky “Inclusion 2026”: emeli aň agentleri we adam şekilli intellekt işe girişýär

Sentýabr 13, 2026 | 19:15 |102
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Emeli aň indi diňe sanly täsin hadysa däldir. Ol ellere, aýaklara we hakyky dünýäde hereket etmek ukybyna eýe bolýar. Bu bolsa diňe bir tehnologiýalary däl, eýsem zähmetiň tebigatyny hem üýtgedýär.

Şenbe güni Şanhaýyň Bund kenarynda dört günlük “Inclusion Conference 2026” maslahaty öz işine başlady. Çäräniň esasy üns merkezinde emeli aň, adam şekilli intellekt we beýleki täze tehnologiýalar boldy. “Emeli aň ykdysadyýetini bilelikde gurmak” şygary astynda geçirilen maslahata 300-den gowrak kompaniýany bir ýere jemledi. Olar emeli aň agentlerinden we maliýe hyzmatlaryndan başlap, adam şekilli intellekt we senagat ulgamlaryna çenli dürli ugurlarda ulanylýan tehnologiýalary hödürlediler.

Hödürlenen işläp taýýarlamalar emeli aňyň korporatiw iş akymlaryna, maliýe amallaryna we senagat awtomatlaşdyrylyşyna integrasiýasynyň täze tapgyra gadam basandygyny görkezdi. Munuň sebäbi tehnologiýa pudagynyň barha uly modelleri döretmekden hakyky dünýäde amaly goşundylary ornaşdyrmaga geçmegidir.

Kärhanalar üçin bu tehnologiýalaryň täjirçilik taýdan esasy höwesi öndürijiligi ýokarlandyrmakdan, amaly çykdajylary azaltmakdan we çylşyrymly wezipeleri awtomatlaşdyrmakdan ybarat. Şol bir wagtyň özünde bilermenler sanly agentleriň eýýäm dar ugurly hünärmenlere has köp peýda getirýändigini belleýärler. «Sanly dünýäde mesele muny nädip gerimlendirmelidigimizden we örän köpugurly agentleri hemmeler üçin elýeterli etmelidigimizden ybarat. Şonuň üçin häzirki tapgyrda dürli ugurlardaky hünärmenler sanly agentlerden iň köp peýda görüp bilerler», diýip, Nanýan Tehnologiýa uniwersitetiniň dosenti Lýu Szyweý aýtdy.

Emeli aň sanly dünýäniň çäginden çykýar. Adam şekilli intellekt bilen meşgullanýan 40-dan gowrak kompaniýa hakyky şertlerde işlemek üçin işlenip taýýarlanan tehnologiýalary hödürleýär. Bu bolsa maglumat döretmekden hakyky zähmeti ýerine ýetirýän robotlara geçişiň başlanandygyny görkezýär. Şeýle geçiş emeli aň ykdysadyýetiniň indiki tapgyrynyň başlangyjy bolup biler.

«Wentilýatory boýamak gülkünç we ýönekeý iş ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne aslynda bu ozal diňe zatlary tutup we galdyryp bilýän robotlaryň ösüşini görkezýär. Her bir bogunynda aýlaw güýjüniň datçigi ýerleşdirilen, şonuň netijesinde tutuş el güýji duýýar», diýip, ýokary tehnologiýaly, köpugurly uýgunlaşýan robotlary işläp taýýarlaýan we öndürýän “Flexiv” kompaniýasynyň işewürlik bölüminiň direktory Ýan Wentaо aýtdy. Güýji takyk dolandyrmak we çalt reaksiýa bermek bilen utgaşdyrylanda, robot hakyky wagtda haýsydyr bir zat bilen galtaşýandygyny kesgitläp we hereketlerini şoňa laýyklykda düzedip bilýär – diýip, Ýan sözüniň üstüni ýetirdi.

Ösüşiň örän çalt depginine garamazdan, işläp düzüjiler enjam üpjünçiligi bilen programma üpjünçiliginiň integrasiýasynyň henizem kemala gelmek tapgyryndadygyny belleýärler. «Robototehnika, ol enjam üpjünçiligi bolsun ýa-da programma üpjünçiligi bolsun, heniz kämillik derejesine ýetmedi. Biz robototehnikany ösdürmegiň üstünde işleýäris. Mysal üçin, uzak aralykda ýa-da adamlaryň ýa-da işçi güýjüniň şeýle wezipeleri ýerine ýetirmek islemeýän howply giňişliklerinde işlemek zerur bolanda, olaryň ornuny adama meňzeş robotlar bilen çalşyp bileris», diýip, “Ant Intech Awards 2026” baýragynyň eýesi Li Hunýan aýtdy.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Şanhaýda geçirilen “Inclusion Conference 2026” emeli aňyň maglumat döretmekden hakyky hereketlere geçişini görkezýän meýdança öwrüldi. 300-den gowrak kompaniýa we adam şekilli intellekti işläp taýýarlaýjy 40-dan gowrak kompaniýa tehnologiýalaryň iş proseslerini üýtgetmäge we emeli aň ykdysadyýetinde täze sahypany açmaga taýýardygyny görkezdi.

Beýleki habarlar