Marintec China 2025 sergisinde “ýaşyl” energiýa tehnologiýalary üns merkezinde

Hepdäniň sişenbe güni Şanhaý şäherinde “Marintec China 2025” atly gämiçilige bagyşlanan sergi açyldy. Bu sergide Hytaýyň gämi gurluşygyna we deňiz inženerçiligine niýetlenen “ýaşyl” energiýa tehnologiýalary görkezilýär. 110 000 inedördül metrden gowrak meýdanda giçirilýän bu çärä 2200-den gowrak sergiçiler we 100-e golaý ýurtdan we sebitlerden gelen myhmanlar gatnaşýar.
Bu ýerde görkezilýän önümleriň esasylarynyň biri hem Hytaýda özbaşdak işlenip düzülen deňiz hereketlendirijileriniň toplumydyr. Bu toplum kiçi we orta derejeden örän uly kuwwatlykly dürli-dürli hereketlendirijileri öz içine alýar. Olar dürli görnüşdäki arassa ýangyçlar bilen, şol sanda 95 göterime çenli metanolyň ornuny tutýan ýangyçda işläp bilýän, şeýle hem 86 göterime çenli ammiagyň ornuny tutýan ýangyçda işläp bilýän hereketlendirijileriň görnüşleridir. Ammiak ýangyjynda işläp bilýän hereketlendirijileri öndüriji bu sergide özüniň ilkinji söwda geleşigini baglaşdy we bu onuň önümleriniň synag ediş-tanyşdyryş tapgyryndan bazarda hakyky ulanyşa geçmeginiň subutnamasy boldy.
Bu öňdebaryjy “ýaşyl” tehnologiýalar deňiz çäginden daşary hem ulanylýandyr. Olar uly göwrümli magdan tehnikalarynda-da, uglerodsyz senagatda hem ulanylýar we olaryň energiýa howpsuzlygy babatdaky mümkinçiliklerini görkezýär.







