Huawei täze Kirin çipi bilen enjamlaşdyrylan iň täze üç bölekli smartfony çykardy

Ýarymgeçirijiler pudagyndaky innowasiýalar ägirt uly maýa goýumlaryny we köp ýyllap dowam edýän ylmy işläp taýýarlamalary talap edýär. Täze flagman çipiniň smartfonyň tanyşdyrylyş çäresinde görkezilmegi Huawei kompaniýasynyň alty ýyldan bäri ilkinji gezek amala aşyran wakasydyr. Bu bolsa kompaniýanyň daşarky şertleriň çylşyrymly bolmagyna garamazdan, tehnologik kuwwatyny artdyrmagy dowam etdirýändigini we prosessorlar, operasion ulgamlary hem-de emeli aň babatynda öz çözgütlerine daýanýandygyny görkezýär.
Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, düýbünden täze bu çip bir korpusyň içinde logiki shemalary iki dik gatda ýerleşdirýär. Bu bolsa signalyň geçirilýän ýoluny gysgaldyp, gijikmäni azaldýar we umumy öndürijiligi 42 göterim ýokarlandyrýar. Bu Huawei kompaniýasynyň alty ýyl mundan ozal Mate 40 smartfonynyň dünýä bazaryna çykarylyşyndan bäri flagman smartfonyň tanyşdyrylyş çäresinde täze Kirin çipini ilkinji gezek görkezmegidir.
Soňky ýyllarda kompaniýa emeli aň, çipler, operasion ulgamlary we akylly awtoulaglar ýaly ýokary tehnologiýany talap edýän ugurlarda innowasiýalary ornaşdyrmagy we täze mümkinçilikleri açmagy dowam etdirýär. Ylmy-barlag we işläp taýýarlama işlerine yzygiderli goýulýan maýa goýumlary bolsa onuň uzak möhletleýin tehnologik mümkinçiliklerini üpjün edýär. Huawei kompaniýasynyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda ylmy-barlag we işläp taýýarlama üçin eden çykdajylary rekord derejä – 121,38 milliard ýuana (takmynan 18 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi. Bu kompaniýanyň umumy girdejisiniň dörtden bir böleginden hem köpdür.
Halkara maglumat korporasiýasynyň (IDC) maglumatlaryna görä, şu ýylyň ikinji çärýeginde Huawei smartfonlarynyň satuw möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,4 göterim artdy. Netijede, kompaniýanyň bazardaky paýy 22,6 göterime ýetip, Huawei Hytaýda birinji orny eýeledi.
CCTV+-nyň habar bermegine görä, analitikler pudaga edilýän basyş şertlerinde Huawei kompaniýasynyň düýpli ösüşi görkezýän az sanly iri öndürijileriň biri hökmünde tapawutlanýandygyny belleýärler. Bu bolsa kompaniýanyň öz tehnologiýalaryna uzak möhletleýin daýanmak strategiýasynyň kem-kemden öz miwesini berip başlandygyny görkezýär.








