Şanhaý porty 16 ýyl bäri ösüşde

Hytaýyň Şanhaý porty 16 ýyl bäri yzygiderli, dünýäniň iň öňdebaryjy konteýnerli ýük daşaýjy porty bolmagynda galýar. Bu portuň bir ýyldaky ýük geçirijiligi 50 million konteýnerden geçdi, bu görkezijä 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende bir aý öň ýetildi.
Şanhaý porty şu ýyl dünýäniň 50 sany esasy portlaryny öz içine alýan 12 sany täze halkara ugry boýunça işiniň gerimiini giňeltdi, şol bir wagtyň özünde ýük daşamaklygyň netijeliligi 22 göterim ýokarlandy. Bu portuň çägindäki Şanhaý Şengdong halkara konteýner terminaly her gün 31 müňden gowrak konteýnerleri kabul edýär. Ýangşan serhet gözden geçiriş-barlag nokadynyň habar bermegine görä, şu ýyl bu portda 9600-den gowrak halkara ýük gämileriniň barlanyp geçirilendigi hasaba alnypdyr, bu bolsa geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 4.2 göterim köpdür.
Şeýle hem Şanhaý porty dünýäde ýükleriň iň ýygy daşalýan porty bolup, bu ýerde giň maglumatlar toplumy we blokçeýn ýaly sanly tehnologiýalar ulanylýandyr. Mundan başga-da, bu portuň goňşy Ningbo-Žouşan porty bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy sebit boýunça ýük geçirijilikde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18 göterim ösüşe ýetdi.







