Hytaý 2030-njy ýyla çenli täze görnüşli energiýa ulgamlaryny döreder

Çarşenbe güni Milli Energetika müdirligi (NEA) Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk meýilnamasynyň (2026–2030-njy ýyllar) çäklerinde täze görnüşli energiýa ulgamlarynyň ýokary hilli ösüşini öňe sürjekdigini mälim etdi. Munuň maksady ýurduň energetika ulgamynyň howpsuz we durnukly işlemegini üpjün etmek hem-de elektrik energiýasyna barha artýan islegi has gowy kanagatlandyrmakdan ybarat.
NEA-nyň kesgitlemesine görä, täze görnüşli energetika ulgamy esasy magistral ulgamyň döredilmegini, şeýle hem ähli derejelerdäki energetika ulgamlarynyň utgaşykly ösdürilmegini öz içine alýar. Onuň işlemegi maglumat tehnologiýalary arkaly üpjün edilýär. Bu ulgamy ösdürmek Hytaýyň ygtybarly, akylly we sanlylaşdyrylan energetika ulgamlaryny döretmek boýunça tagallalarynda möhüm ädimdir.
Geljegiň energetikasy barada gürrüň edilende, diňe bir simler we kiçi beketler göz öňünde tutulmaýar — emeli aňyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň eýýam giňden ulanylýan döwründe milliardlarça enjamyň, zawodlaryň we öýleriň energiýa bilen nähili üpjün ediljekdigi barada gürrüň gidýär. «Ýaşyl» energetika ulgamynda eýýäm dünýä liderleriniň birine öwrülen Hytaý indiki ädimi ädýär: özüniň energetika ulgamyny diňe bir uly ulgam bolmakdan hakyky akylly ulgama öwürýär.
Täze görnüşli energetika ulgamy köne ulgamyň ýönekeý döwrebaplaşdyrylmagy däl-de, energiýa akymlarynyň maglumatlar arkaly dolandyrylýan, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň bolsa görlüp-eşidilmedik çeýelik bilen umumy ulgama birleşdirilýän düýbünden täze arhitekturasynyň döredilmegidir. Öňümizdäki bäş ýylda bu özgertme diňe bir Hytaýyň energetika howpsuzlygyny däl, eýsem onuň dünýä derejesindäki tehnologik liderligini hem kesgitlär.
NEA-nyň habar bermegine görä, 2026–2030-njy ýyllarda Hytaýda elektrik energiýasyna bolan islegiň ýylda ortaça 5 göterim artmagyna garaşylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýy mundan beýläk-de ýokarlanar, ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ýokary hilli we arassa elektrik energiýasyna bolan islegi bolsa yzygiderli artar. Bu ýagdaý täze görnüşli energetika ulgamlarynyň gurluşygyna has ýokary talaplary bildirýär.
Şu maksat bilen Hytaý döwrebap elektrik torlarynyň gurluşygyny işjeňleşdirer, elektrik geçiriji geçelgeler ýaly iri tor taslamalaryny tassyklamagy we gurmagy çaltlandyrar hem-de iri elektrik torlarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrar diýip, Milli Energetika müdirliginiň (NEA) başlygy Wan Hunçži aýtdy.
Wanyň aýtmagyna görä, ýurt emeli aň, torlary çeýe döretmek, elektrik torlaryny akylly dolandyrmak we uzak möhletleýin energiýa saklamak ýaly täze tehnologiýalaryň ylmy-barlaglaryny we ulanylyşyny hem çaltlandyrar. Şeýle hem täze ýokary netijeli önümçilik güýçleri ösdüriler we elektrik tory has akylly hem-de çeýe ediler.
Täze görnüşli işewürlik modellerine laýyk gelýän tor hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem köptaraply goldawy we kepillikleri güýçlendirmek boýunça çäreleriň görüljekdigini Wаn aýtdy. Torlaryň netijeli birleşdirilmegi we täze energiýa görnüşleriniň ulanylmagy, ýokary hilli elektrik üpjünçiligi, şeýle hem hasaplaýyş we energetika infrastrukturasynyň utgaşdyrylmagy senagat ösüşiniň we ilatyň zerurlyklaryny has gowy kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.
Bu başlangyç torlaryň alty görnüşini öz içine alýar: suw üpjünçilik torlary, täze görnüşli elektrik torlary, hasaplaýyş-energetika torlary, indiki nesil aragatnaşyk torlary, şäherleriň ýerasty turbageçiriji torlary we logistika torlary.
Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk döwri (2026–2030) üçin energetika strategiýasy ýurduň ähli energetika infrastrukturasyny özgertmek boýunça toplumlaýyn meýilnamany öz içine alýar. Senagatyň ösüşi we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň çalt artýan şertlerinde däp bolan torlar eýýäm ýüki doly göterip bilmeýär.
Täze model Gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýükleri çeýe görnüşde gaýtadan paýlap we ýitgileri azaltmaga ukyply bitewi akylly tora birleşdirmegi göz öňünde tutýar. Bu işde emeli aň tehnologiýalary möhüm orun eýeleýär. Olar elektrik energiýasyna bolan iň ýokary islegi öňünden çaklamaga we energiýanyň paýlanyşyny awtomatiki dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Energetika we hasaplaýyş infrastrukturasynyň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň maksady maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleriň we energiýany köp sarp edýän beýleki desgalaryň durnukly hem-de arassa elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegidir.
Bularyň ählisi diňe bir energetika howpsuzlygyny üpjün etmän, eýsem Hytaýyň tehnologik garaşsyzlygyny hem goldamalydyr.
CCTV+-yň habar bermegine görä, Hytaýyň täze görnüşli energetika ulgamlaryny döretmek boýunça meýilnamalary geljegiň kynçylyklaryna ulgamlaýyn çemeleşmäni görkezýär. Emeli aňyň, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň we akylly torlaryň birleşdirilmegi energetika ulgamyny diňe bir has ygtybarly däl, eýsem has çeýe we çalt üýtgeýän ykdysadyýetiň zerurlyklaryna uýgunlaşmaga ukyply eder.
Öňümizdäki ýyllarda Hytaý arassa energetika we sanly tehnologiýalar babatda dünýä lideri hökmündäki ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrar hem-de onlarça ýyllap durnukly ösüşiň binýady bolup hyzmat etjek infrastrukturany döreder.








