Ningbo-Žouşan portunyň konteýner geçirijiligi 40 milliondan geçdi

Hytaýyň Žesian welaýatynda ýerleşýän Ningbo-Žouşan portunyň konteýner geçirijiligi ilkinji gezek 40 milliondan geçdi. Ningbo-Žouşan porty ýurt boýunça bu görkezijä ýeten ikinji, dünýä derejesinde bolsa üçünji portdyr. Bary-ýogy dört ýyl mundan ozal bu portuň 30 million sany konteýnerleri geçirmek mümkinçiligi bardy. Bu dünýäniň öňdebaryjy bäş portlarynyň arasynda iň ýokary depginli ösüşi görkezýändir.
Bu port her biri ýylda 10 milliondan gowrak konteýnerleri üstünden geçirýän iki sany özbaşdak terminaly bolan dünýädäki ýeke-täk portdyr. Ningbo-Žouşan porty şu ýyl Demirgazyk buzly okeany boýunça hem hyzmatlary ýerine ýetirip başlady. Häzirki günde bu port 300-den gowrak gämi gatnawlaryny, 11 sany daşary ýurt logistika merkezlerini dolandyrýar hem-de 111 sany demir ýol-deňiz intermodal ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.
Ýerli gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, bu port esasan ýokary hilli senagat önümlerini kabul edýär we ugradýar. Üstümizdäki ýylyň ilkinji on aýynda Ningbo portunda hasaba alnan maşyngurluşyk we elektritehnika önümleriniň eksporty 913.42 milliard ýuana ýetdi, bu bolsa umumy eksportyň 54 göterimini düzýändir. Egin-eşik we tikinçilik harytlarynyň eksporty 265.35 milliard ýuan, “täze üçlük” diýip atlandyrylýan elektromobilleriň, litium-ion akkumulýatorlarynyň hem-de fotoelektrik enjamlaryň eksporty bolsa 83.04 milliard ýuana barabar boldy.







