23-nji Hytaý–ASEAN sergisi 17–21-nji sentýabr aralygynda Nanninde geçiriler

23-nji Hytaý–ASEAN (Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy) sergisi Hytaýyň günortasyndaky Guansi-Çžuan awtonom sebitiniň Nannin şäherinde 17–21-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Hytaýly resminiň sişenbe güni habar bermegine görä, sergide söwda, kärhanalar we olaryň amaly ulanylyşyna gönükdirilen köp sanly innowasion çäreler görkeziler.
Guansi-Çžuan awtonom sebitiniň wise-gubernatory Lu Sinnin Pekinde geçirilen metbugat ýygnagynda şu ýylky serginiň esasy aýratynlyklary we innowasion çözgütleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine gürrüň berdi. Şu ýyl Gündogar Timor ilkinji gezek sergä bilelikde guramaçy hökmünde gatnaşar. Bu topar giňeldilenden soň, ASEAN-yň ähli 11 ýurdunyň Nanninde ilkinji gezek bir ýere jemlener.
Sergide ilkinji gezek geljekki kosmos pawilýony, ylmy-tehniki innowasiýalar we telekeçilik pawilýony dörediler. Şeýle hem emeli aň boýunça täzelenen bölüm görkeziler. Onda emeli aňyň öňdebaryjy tehnologiýalary we amaly ulanylyşy sarp edijileriň, kärhanalaryň, hökümetiň we halkara jemgyýetçiliginiň nukdaýnazaryndan görkeziler.
«Sergide emeli aňly äýnekleri, akylly sagatlary, emeli aň bilen işleýän öý robotlaryny, dikeldiş robotlaryny we fotoelektrik elementleriniň esasynda işleýän arassalaýjy robotlary görüp hem synagdan geçirip bolýar. Biz ilkinji gezek “Emeli aň bazaryny” döretdik. Onda ASEAN ýurtlarynyň kärhanalary üçin laýyk önümleri bolan 60 kompaniýa saýlanyp alyndy we sergi meýdançasynda synagdan geçirip, gönüden-göni sargyt edip boljak 400-den gowrak önüm hödürlenýär. Şu ýylky sergi diňe bir ykdysady we söwda gatnaşyklary üçin uly platforma bolman, eýsem öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin hem mümkinçilikdir» diýip, Lu aýtdy.
Serginiň sekretariatynyň maglumatlaryna görä, şu ýyl takmynan 20 müň inedördül metr meýdany eýeleýän döwrebaplaşdyrylan ASEAN sergi zolagy hödürlener. Sergi önümleriniň gurluşynda, gatnaşyjy ýurtlaryň geriminde we senagat hyzmatdaşlygynyň derejesinde giňişleýin täzelenmeler amala aşyrylar. Şeýlelikde, Hytaý bilen ASEAN ýurtlarynyň ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyndaky täze üstünlikler görkeziler.
Sergä gatnaşyjylaryň bazarlar we sargytlar bilen bagly iň möhüm soraglaryna jogap bermek maksady bilen ilkinji gezek ASEAN ýurtlarynyň zerurlyklaryna bagyşlanan pawilýonlar döredildi. Olarda ASEAN ýurtlarynyň tehnologik we amaly zerurlyklary görkeziler. Bu bolsa hytaý kärhanalaryna degişli hyzmatdaşlar bilen has takyk aragatnaşyk ýola goýmaga kömek eder.
Sergide iri kompaniýalaryň kiçi we orta kärhanalary (KOK) gatnaşmaga çekýän täze modeli hem ilkinji gezek görkeziler. Pudagyň öňdebaryjy kompaniýalary öz önümlerini degişli pudaklardaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde sergä çykaryp, kiçi we orta kärhanalara öz bazarlaryny giňeltmäge ýardam ederler.
Adaty myhmanlar üçin bolsa şu ýylky sergide önümleriň has giň görnüşi we ýokary tehnologiýaly önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikler hödürlener.
Hytaý–ASEAN sergisi 2004-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär we Hytaý bilen ASEAN ýurtlarynyň arasyndaky iň iri söwda-ykdysady platformalaryň biridir. 22 ýylyň dowamynda sergi söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, maýa goýumlarynyň çekilmegine we sebitde infrastruktura taslamalarynyň ösdürilmegine ýardam berdi.
2025-nji ýylda Hytaý bilen ASEAN-yň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 1,2 trillion dollardan geçdi. Şeýlelikde, ASEAN birnäçe ýyl bäri yzly-yzyna Hytaýyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup gelýär. Serginiň hemişelik geçirilýän ýeri bolan Nannin Hytaýyň günortasyndaky möhüm logistika we işewürlik merkezine öwrüldi.
"CCTV+"-niň habar bermegine görä, 23-nji Hytaý–ASEAN sergisi iki sebitiň hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm tapgyr bolar. Gatnaşyjylaryň düzüminiň giňeldilmegi, täze tehnologik pawilýonlaryň döredilmegi we emeli aňyň amaly ulanylyşyna aýratyn üns berilmegi taraplaryň integrasiýany çuňlaşdyrmaga we hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga bolan islegini görkezýär. Ýakyn ýyllarda özara söwdanyň we maýa goýumlarynyň mundan beýläk-de artmagyna garaşylýar. Sergi bolsa Hytaý bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda dialog we hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly köpri bolmagyny dowam etdirer.








