Alymlar ilkinji gezek dinozawrlaryň ýumurtgalarynyň galyndylaryny öwrenmek üçin inwaziw däl elektro ynyklaýyş usulyny ulandylar

Awgust 31, 2026 | 19:50 |80
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Dünýäde ilkinji gezek Hytaýyň merkezi bölegindäki Hubeý welaýatynda alymlar dinozawrlaryň ýumurtga galyndylarynyň ýerleşýän ýeriniň aşagyndaky çuň gatlaklary öwrenmek üçin inwaziw däl elektro anyklaýyş usulyny ulanýarlar. Olar bu usuly gazuw-agtaryş işlerini geçirmezden gadymy hazynany öwrenmäge mümkinçilik berýän «elektrokardiogramma» bilen deňeşdirýärler.

Käwagt geçmişe nazar aýlamak üçin ýeri gazmak zerur däl. XXI asyryň ylmy gadymy artefaktlaryň näzik bitewiligini bozmazdan, elektro tolkunlaryň üsti bilen taryhy göni manyda «eşitmegi» öwrenýär. Hytaýda ilkinji gezek ulanylan bu usul ýekeje gezek hem pil urmazdan ýeriň aşagyna seretmäge mümkinçilik berýär. Bu diňe bir tehnologik öňegidişlik bolman, eýsem taryhy mirasy gorap saklamaga täze etiki çemeleşmedir. Sebäbi her bir galyndy diňe bir süňk ýa-da ýumurtga däl, eýsem indi ýok bolan dünýäniň özboluşly penjiresidir. Biziň wezipämiz bolsa şol penjiräni açmak däl-de, aýnasyny döwmän onuň aňyrsyndaky dünýäni görmegi öwrenmekdir.

Hubeý welaýatynyň Şiýan şäherindäki «Sinlunşan dinozawr ýumurtgalarynyň galyndyklar topary» milli tebigy goraghanasyndaylmy barlagçylar bölekleýin açylan meýdanyň ýerasty geologik gurluşyny kartalaşdyrmak üçin ýokary takyklykly 3D elektrodetektirlenen tehnologiýasyny ulanýarlar. Şunda ýumurtgalaryň galyndylarynyň hiç biri-de zaýalanmaýar. Alymlar ýerden kabelleri geçirýärler, elektrod toplumlaryny ýerleşdirýärler we maglumatlary ýazga alýarlar. Bu tehnologiýa emeli elektrik meýdanyny döretmek we ýerasty gatlaklara durnukly elektrik toguny geçirmek arkaly işleýär. Dag jynslarynyň we çökündi jynslaryň dürli gatlaklaryndaky elektrik geçirijiligini ölçemek arkaly topar ýerasty gatlaklaryň geologik gurluşyny ýokary jikme-jiklik bilen dikeldip bilýär.

«Bu elektrod nokatlary bize Sinlunşanyň aşagyndaky ýerasty elektrik meýdanynyň doly kartasyny düzmäge mümkinçilik berer. Biziň gyssagly ýagdaýda iki zady bilmegimiz zerur. Birinjiden, dinozawrlaryň ýumurtgalarynyň ýerleşýän gyzyl çäge daşy gatlagynyň galyňlygy näçe? Şeýle-de ol näçe aralyga uzap gidýär? Bu iki soraga-da diňe ýerüsti barlaglaryň kömegi bilen jogap tapmak mümkin däl. Şeýle hem ýerasty suwlaryň ýumurtgalar üçin iň uly howp bolup durýandygyny anykladyk. Ýumurtgalar suw bilen galtaşanda himiki reaksiýalara girýär we dargaýar. Biz suwuň çeşmesini yzarlamagy umyt edýäris» — diýip, Hubeý geologiýa ylymlary institutynyň baş inženeriniň orunbasary Çžao Bi belledi.

Sinlunşanda dünýäde iň uly we iň gowy saklanyp galan dinozawr ýumurtgalarynyň galyndylarynyň toplumy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýer ýumurtgalaryň özleriniň ilkibaşdaky tebigy gurşawynda uly möçberde we bitewi ýagdaýda saklanyp galmagynyň gazanylan ýeke-täk ýeridir. Köp ýyllaryň dowamynda bu ýerde gorap saklamak boýunça geçirilen işler ýerüsti lazer skanirlemesini we beýleki esasy barlaglary öz içine aldy. Emma ýerasty gatlaklary öwrenmek hemişe çylşyrymly mesele bolup geldi, sebäbi adaty buraw işleri galyndylaryň bitewiliginiň bozulmagyna we goralmaly bolan fosilleri zaýalamaga sebäp bolup biler. «Bu işiň iň uly ähmiýeti — Hytaýda, hatda dünýäde ilkinji gezek galyndylaryň tapylan ýerini ýerasty öwrenmek üçin çuň zondirleme tehnologiýasyny ulanmagymyzda. Biz maglumatlary inwaziw däl usul bilen ýygnaýarys. Tapyndy ýeriniň özüne hiç hili zeper ýetirmedik» — diýip, Çžao Bi belledi.



Barlagyň maksady ýumurtgalary özünde saklaýan dag jynslary gatlaklarynyň araçäklerini takyk kesgitlemek, jaýryklary ýüze çykarmak we ýerasty suwlaryň aralaşmak töwekgelçiligini bahalandyrmakdan ybarat. Bu maglumatlar desgany geljekde gorap saklamak we dolandyrmak üçin örän möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, alnan maglumatlar alymlara hek döwründe, takmynan 145 million ýyldan 66 million ýyl ozal, Hubeý welaýatynyň demirgazyk-günbatar böleginiň gadymy geografiýasyny we ekologiýasyny dikeltmäge kömek eder. Bu bolsa dinozawrlaryň döwründäki ýaşaýyş barada täze maglumatlaryň ýüze çykarylmagyna mümkinçilik berip biler.

Hubeý welaýatynyň demirgazyk-günbataryndaky daglarda ýerleşýän Szinlunşan goraghanasy 1995-nji ýylda açyldy we şondan bäri dünýäniň dürli ýurtlaryndan paleontologlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde dürli görnüşlere degişli 10 müňden gowrak dinozawr ýumurtgasynyň galyndysy tapyldy. Bu ýagdaý Sinlunşany dinozawrlaryň özüni alyp barşyny we köpelşini öwrenmek üçin özboluşly ýere öwürýär. Inwaziw däl barlag usullarynyň ulanylmagy şeýle desgalary gorap saklamak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Sebäbi bu usul zeper ýetirmegiň töwekgelçiligine ýol bermezden zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Geljekde bu tehnologiýa dünýäniň beýleki paleontologik ýadygärliklerinde hem ulanylyp bilner.

“CCTV+”-niň habar berşi ýaly, Sinlunşanda inwaziw däl elektro anyklaýyşyň ulanylmagy diňe bir Hytaýyň däl, eýsem dünýä ylmynyň ösüşinde-de öňe ädilen möhüm ädimdir. Ýeri bozmazdan onuň içinden «görmäge» mümkinçilik berýän bu usul paleontologik ýadygärlikleri gorap saklamaga bolan çemeleşmäni üýtgedýär. Alymlar ýakyn ýyllarda barlaglary giňeltmegi meýilleşdirýärler. Alnan maglumatlar diňe bir özboluşly taryhy mirasy goramaga däl, eýsem millionlarça ýyl ozal Ýerdäki ýaşaýşyň nähili bolandygyny täzeden göz öňüne getirmäge hem kömek eder.

Beýleki habarlar