Hytaýly we özbek alymlary Aral deňzini dikeltmek boýunça ösüş gazandylar

Bir wagtlar ululygy boýunça dünýäniň dördünji köli bolan Aral deňzi 1960-njy ýyllardan bäri öz meýdanynyň 90 göterimden gowragyny ýitirdi. Soňky ýyllarda hytaýly we özbek alymlary onuň ekoulgamyny dikeltmek boýunça hyzmatdaşlyk edip, netijeleri gazandylar.
Sowet suwaryş taslamalary, esasan pagta ekerançylygy üçin niýetlenen iki derýanyň ugruny üýtgedip, suwyny ýitirip başlaýança, Aral deňzi takmynan 66,000 inedördül kilometr meýdany eýeleýärdi. «Aral deňzi 1960-njy ýyllaryň başynda gurap başlady. Gynansak-da, häzirki wagtda bu köli gaýtadan doldurmak mümkin däl» diýip, Nukusdaky Aral deňziniň Halkara innowasion merkeziniň direktorynyň orunbasary Abduraşid Myrzambetow aýtdy. Häzirki wagtda deňziň takmynan 90 göterimi ýok bolup, çölüň ortasynda «Aralkum» diýlip atlandyrylýan täze çölüň emele gelmegine we gämileriň gumyň içinde galmagyna getirdi. Ýitgileriň täsiri öňki kenarýaka çäginden has uzaklara ýaýraýar. Sebäbi ýeller deňziň düýbündäki duzy we zäherli oba hojalyk galyndylaryny ýokary göterip, ýüzlerçe kilometre çenli hapalaýjy bölejikleri alyp gidýän tozan tupanlaryny döredýär.
Nukusdan 1500 kilometr uzaklykda ýerleşýän Sinzýan sebitindäki ýagdaý hem haýran galdyryjy derejede meňzeşdir. Hytaýdaky ähli şorlaşan we aşgarly ýerleriň 40 göterimden gowragy Sinzýan sebitine düşýär. Alymlar onlarça ýylyň dowamynda bu ýerde toprakdaky duz bilen göreşip, haýsy topraklaryň dikeldilip bilinjekdigini we haýsy ösümlikleriň ýaşap biljekdigini öwrenýärler. «Bu ýeriň hemme ýeri duz bilen örtülen. Görüň, esasan hem duz gatlaklaryny görýärsiňiz. Bu ýerde bir zat ösdürip ýetişdirmek üçin ilki bilen şorlaşan we aşgarly ýerleriň aýratynlyklaryna düşünmeli. Nusgalary ýygnamak üçin çöl meýdanlaryna çykmaly bolýarys» diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Sinzýan ekologiýa we geografiýa institutynyň uly ylmy işgäri Týan Çanýan aýdýar. «Size solerosiany görkezmäge rugsat ediň. Bu ösümlik hakykatdan-da täsir galdyryjy, ol duza örän çydamly. Dadyp görüň. Örän duzly, sebäbi ol duzy siňdirip bilýär» diýip, Týan aýdýar.
Şor toparaga çydamly ösümlikleri dadyp görmek alymlaryň ylmy işleriniň adaty bir bölegine öwrüldi. Köp sanly geçirilen synaglaryň netijesinde Sinzýanyň şorlaşan we aşgarly topraklarynda ýaşap bilýän ösümlikleriň Özbegistanyň Aral deňziniň basseýninde hem ösýändigi anyklandy. 2018-nji ýyldan bäri Sinzýan ekologiýa we geografiýa institutynyň ylmy barlagçylary Hytaý bilen Özbegistanyň arasynda iş alyp barýarlar. Olar Aral deňziniň kenarlaryna duza çydamly ösümlikleriň 1,3 tonnadan gowrak tohumyny getirdiler. «Birinji tapgyrda biz bu şertlerde synagdan geçirilen 36 görnüşi hödürledik. Biziň hödürlän ösümliklerimiziň esasynda barlaglaryň gerimini giňeltmek mümkin. Duz çykarmak ukyby ösümlige şorlaşan we aşgarly şertlere uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär» diýip, Sinzýan institutynyň ýene bir barlagçysy Çžao Çženýun aýtdy. Bu görnüşleriň arasynda solerosia ýaly duzy özünde toplaýan ösümlikler, limonium we ýylgyn ýaly duzy daşyna çykarýan ösümlikler, şeýle hem gamyş ýaly duzy özüne geçirmeýän ösümlikler bar. Çžaonyň aýtmagyna görä, olaryň her biri topragy dikeltmekde we tozanly tupanlarynyň öňüni almakda özboluşly orun eýeleýär.
Topragyň şorlaşmagyny azaltmak we ösümlik örtügini dikeltmek üçin ýene bir möhüm wezipe, köp mukdarda suwaryşy talap edýän pagta üçin suwuň sarp edilişini azaltmakdan ybaratdyr. Hut pagtaçylykda suwaryş üçin suwuň köp ulanylmagy Aral deňziniň guramagyna esasy sebäp bolan ýagdaýlaryň biri boldy. «Häzirki wagtda pagta Hytaýda ýaňy-ýakynda ornaşdyrylan damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly ýerasty usulda suwarylýar. Bu suw sarp edilişini takmynan 40–50 göterim azaltmaga mümkinçilik berýär» diýip, Nukusdaky Aral deňziniň Halkara innowasion merkeziniň Ösümlik fiziologiýasy we biotehnologiýasy barlaghanasynyň ylmy işgäri Timur Toreşow aýdýar. Öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryndan we takyk damjalaýyn suwaryşdan başlap, häzirki zaman ýokary takyklykdaky enjamlara çenli Hytaýyň pagta öndürmek boýunça tejribesi we bilimleri Özbegistanda ulanylýar.
Netijeler aýdyň görünýär. Duzly tozan tupanlarynyň güýji azaldy. Damjalaýyn suwaryşyň ulanylmagy netijesinde pagtanyň hasyllylygy üç esse ýokarlandy. Şeýle hem basseýniň çäginde umumy meýdany 2 million gektardan gowrak bolan ýaşyl zolak kem-kemden dikeldilýär. «Tohumlar biziň göterijilerimizdir. Olar şol ýere düşenlerinde diňe bir gögerip, täze ýaşaýşa öwrülmeýär. Olar şeýle hem tutuş sebitde gözel, ýaşyl we durnukly daşky gurşawy döretmek baradaky hytaý garaýşyny özünde jemleýär» diýip, Sinzýan ekologiýa we geografiýa institutynyň direktory Çžan Ýuanmin aýtdy.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Hytaýyň we Özbegistanyň Aral deňzini dikeltmek boýunça hyzmatdaşlygy ylmyň we halkara hyzmatdaşlygynyň hatda iň köp weýran bolan ekoulgamada ikinji bir mümkinçilik berip biljekdiginiň aýdyň mysalydyr. Şorlaşma garşy göreşde gazanylan üstünlikler, suwuň sarp edilişiniň azaldylmagy we sebitde ýaşyl örtügiň gaýtadan dikeldilmegi Aral deňziniň hemişelik ýok bolup gitmejekdigine umyt döredýär. Şeýle hem onuň basseýniniň gaýtadan dikeldişiň we durnukly ösüşiň nyşanyna öwrülmegine mümkinçilik berýär. Öňümizdäki ýyllarda bu hyzmatdaşlygyň geriminiň has-da giňeldilmegine garaşylýar. Bu bolsa tutuş Merkezi Aziýanyň ekologik howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.








