Hytaý tehnologiýalary Özbegistanda suwy tygşytlamaga we pagta hasylyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär

Awgust 27, 2026 | 23:00 |70
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk damjalaýyn suwaryşdan başlap, oba hojalyk tehnikalaryny ýygnamaga çenli giň ugurlary öz içine alýar. Özbegistanyň günortasynda daýhanlar sebitde suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Hytaýyň damjalaýyn suwaryş tehnologiýasyny ulanýarlar. Bu sebitde suwa köp zerurlyk bolan pagta üçin her bir damja suwuň ähmiýeti uludyr. «Biz her gektardan 9 tonna çenli pagta almagy göz öňünde tutýarys. Pagta ekinlerimiz gowy ösýär. Görşüňiz ýaly, pagtanyň takmynan 50 göterimi eýýäm açyldy. Men bu damjalaýyn suwaryş ulgamy bilen iki ýyldan bäri işleýärin. Bu ulgamyň ulanylmagy netijesinde suwuň tygşytlanmagy örän ýokary» diýip, pagtaçy Şodiýor Minurkulow aýtdy.

Dökünler bilen garylan suw damjalaýyn turbalaryň üsti bilen gönüden-göni ösümliklere ýetirilýär. Bu usul suwuň ýitgisini azaldýar we daýhanlara pagta ekinleriniň alýan suwunyň hem-de ýokumly maddalarynyň mukdaryna takyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Hytaýyň tehnologiýalary diňe ekin meýdanlary bilen çäklenmeýär. Karşi şäherinde traktorlar, pagta ýygýan maşynlar we kombaýnlar täze kärhanada hatara düzüldi. Kärhananyň iki aýdan önümçilige başlamagyna garaşylýar. «Biziň kompaniýamyz köp ýyllardan bäri Hytaýda öňdäki orny eýeleýär we dürli ulanyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şonuň üçin Özbegistanyň oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak maksatnamasyna gatnaşmak üçin iň öňdebaryjy tehnologiýalarymyzy hödürleýäris. Maksadymyz iň täze tehnologiýalarymyzyň kömegi bilen ýerli oba hojalygynyň ösüşine goldaw bermek» diýip, oba hojalyk tehnikalaryny öndürmäge ýöriteleşen “FM World” kompaniýasynyň dolandyryjysy Wan Şisze aýtdy.

Özbegistan dünýäde iň iri pagta öndürijileriň biri bolup, bu ekin ýurduň eksportynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Emma howanyň üýtgemegi sebäpli has-da ýitileşýän suw ýetmezçiligi suwaryş düzgünleriniň has netijeli usullaryna geçmegi talap edýär. Hytaý köp ýyllaryň dowamynda damjalaýyn suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak ulgamynda toplan tejribesine daýanyp, bu tehnologiýalary Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän hyzmatdaş ýurtlar bilen işjeň paýlaşýar. Hyzmatdaşlyk diňe enjamlary üpjün etmek bilen çäklenmän, daýhanlary okatmagy, şeýle hem oba hojalyk tehnikalarynyň önümçiligini ýerli şertlerde ýola goýmagy öz içine alýar. Karşi şäherindäki täze kärhana senagat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolar. Ol täze iş orunlaryny döretmäge we import edilýän tehnikalara bolan garaşlylygy azaltmaga ýardam eder.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Hytaý bilen Özbegistanyň oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy häzirki zaman tehnologiýalarynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän meseleleriň çözülmegine nähili ýardam edip bilýändigini görkezýär. Damjalaýyn suwaryş ulgamy diňe bir suwy tygşytlamak bilen çäklenmän, hasyllylygy hem ýokarlandyrýar. Bu bolsa pagtaçylygy has durnukly we girdejili pudaga öwürýär. Ýakyn ýyllarda şeýle taslamalaryň geriminiň giňeldilmegine garaşylýar. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň azyk howpsuzlygynyň we ykdysady durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşar.


Beýleki habarlar