Hytaý «Saudel» taýfunyna taýýarlyk görýär

Hytaýyň gündogar böleginiň kenarýaka sebitlerinde Çžeszýan we Fuszýan welaýatlarynyň kenarlaryna golaýlaşýan «Saudel» taýfunynyň ýetirip biljek täsirini azaltmak maksady bilen dürli öňüni alyş çäreleri görülýär. Milli meteorologiýa merkeziniň (MMC) çaklamalaryna görä, şu ýylky 18-nji taýfun bolan «Saudel» penşenbe güni giç agşamdan anna güni irdene çenli Hytaýyň kenaryna ýetmegine garaşylýar. Sişenbe güni merkez taýfun boýunça howp derejesini sary derejeden dört basgançakly ulgamdaky ikinji iň ýokary dereje bolan mämişi derejä çenli ýokarlandyrdy.
Çžeszýan welaýatynda çarşenbe güni irdene çenli kenarýaka zolakda suw hojalygy bilen baglanyşykly alnyp barylýan 146 taslamanyň ählisiniň işi wagtlaýyn togtadyldy, 527 gurluşyk gämisi howpsuz labyr duralgalaryna ýerleşdirildi. Çarşenbe güni sagat 14:00-a çenli welaýatyň çägindäki 162 parom gatnawynyň ählisi togtadyldy. Çžeszýan welaýatynyň Deňiz howpsuzlygy müdirligi 105 müňden gowrak duýduryş ýaýratdy, 35 müň gämini barlady we adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek üçin sekiz sany ýokary kuwwatly tirkeg gämisini işe taýýarlady.
Sişenbe güni agşamdan başlap, Çžeszýan welaýatynyň Ninbo we Çžouşan şäherleriniň deňiz edaralary taýfun bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşiň ikinji derejesini girizdi. Häzirki wagta çenli Ninbo şäheriniň Sýanşan etrabynyň 2358 balykçylyk gämisi portlara dolandy, 1800-den gowrak balykçylyk gämisi bolsa Çžouşan şäherinde howpsuz ýerlere ýerleşdirildi. Ninbo şäherinde ähli parom gatnawlary togtadyldy, ähli ýük gämileri ýük ýüklemek we düşürmek işlerini bes edip, gämi duralgalaryndan tertipli ýagdaýda çykaryldy. Suw hojalygy taslamalarynda işleýän işgärleriň ählisi howpsuz ýerlere ewakuasiýa edildi.
Ninbo şäheriniň Infen Deňiz howpsuzlygy müdirliginiň müdiriniň orunbasary Ýu Huaýhaýyň aýtmagyna görä, duralgalardaky ähli gämilere şkerta berkitmelerini ygtybarly berkidip goýmak tabşyryldy. «Fenhua derýasynyň suwunyň joşup-çekilmegini göz öňünde tutup, tolkunyň ýokary galýan ýa-da ýokarky akymdaky suw howdanlaryndan suw goýberilýän wagtynda hem gämileriň ygtybarly ýagdaýda duralga baglanmagyny üpjün etmeli» diýip, ol belledi.
Fuszýan welaýatynda welaýatyň Deňiz howpsuzlygy müdirligi irki duýduryş we adatdan daşary ýagdaýlara garşy çäreleri geçirip, gämileri howpsuz ýerlere ugrukdyrýar. Çarşenbe güni günortana çenli Fuszýanyň kenarýakasynda 57 paromyň we 110 ýolagçy gämisiniň gatnawy togtadyldy, deňizde alnyp barylýan 118 gurluşyk taslamasynyň işi saklandy we 178 gurluşyk gämisi ewakuasiýa edildi. Şeýle hem kenarýaka sebitlerinde ähli tirkeg işleri, deňiz synaglary, ylmy ekspedisiýalar we ýel elektrik stansiýalarynda tehniki hyzmat işleri togtadyldy.
Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň Deňiz howpsuzlygy müdirligi duşenbe güni gämileriň hereketine gözegçilik etmek boýunça bildiriş ýaýratdy we şondan bäri 38 gämini demirgazyga tarap gatnawyny dowam etdirmekden saklady. Guandunyň gündogar böleginiň häkimiýetleri mümkin bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek üçin iki sany halas ediş gämisini, 25 sany ýokary kuwwatly tirkeg gämisini we galyndylary arassalamak üçin 10 gämini işe taýýarlady.
Sişenbe güni Hytaýyň gündogaryndaky Szýansi welaýatynyň merkezi we günorta sebitlerinde güýçli ýagyşlar ýagdy. Munuň netijesinde ýerli demir ýol operatorlary suw joşmalary bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşiň derejesini üçünji derejä çenli ýokarlandyrdylar we otlularyň gatnaw tertibine üýtgetmeler girizdiler.
"CCTV+"-niň habar gullugynyň maglumatyna görä, «Saudel» taýfunynyň öňisyrasynda Hytaýyň gündogar welaýatlarynda görülýän öňüni alyş çäreleri sebit häkimiýetleriniň tebigy betbagtçylyklara ýokary derejede taýýardygyny görkezýär. Deňiz halas ediş gulluklarynyň utgaşykly hereketleri, adamlaryň we gämileriň howpsuz ýerlere geçirilmegi, şeýle hem howply ugurlaryň ýapylmagy adam ömrüne we emläge abanýan töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berýär. Ýakyn wagtda taýfunyň kenara ýetmegine garaşylýar we halas ediş gulluklarynyň işleri güýçlendirilen tertipde dowam etdiriler.








