Hytaý 504 sany «akylly» zawody gurdy

Hytaý jemi 504 sany ýokary netijeli «akylly» zawody gurdy we ýurduň däp bolan senagat pudaklarynyň tehnologik taýdan özgerdilmegini çaltlandyrýar. Bu barada Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň Meýilnamalaşdyryş departamentiniň direktory Ýao Szýun habar berdi.
Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlaryna görä, 14-nji bäşýyllyk meýilnama (2021–2025-nji ýyllar) başlanaly bäri bellenen möçberden ýokary bolan gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylyş derejesi 30 göterimden geçdi. Milli «ýaşyl» zawodlarda öndürilýän önümleriň paýy bellenen möçberden ýokary bolan gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň umumy önümçilik möçberiniň 9 göteriminden 22 göterimine çenli ýokarlandy. Polat we sement ýaly önümleriň her birligine düşýän toplumlaýyn energiýa sarp edilişi, umuman, dünýäniň öňdebaryjy derejesine ýetdi.
Ýaonyň aýtmagyna görä, 15-nji bäşýyllyk meýilnama döwrüniň (2026–2030-njy ýyllar) öňisyrasynda Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi däp bolan senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak maksatnamasyny taýýarlap, durmuşa geçirer. Munuň esasy maksady pudaklaryň hem ösüş hilini, hem-de netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. «Biz tehnologik özgerişlere ünsi jemläp, gaýtadan işleýän senagatda täze görnüşli tehnologik özgertmeleri ornaşdyrmak boýunça şäherlerde geçirilýän synag maksatnamalaryny çuňlaşdyrarys. Däp bolan senagat pudaklarynyň akylly, ekologik taýdan arassa we toplumlaýyn ösüşine ýardam bereris hem-de pudagyň ýokary hilli ösüşini ilerlederis. Şeýle hem standartlary kämilleşdirmek arkaly däp bolan pudaklary döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri geçirip, ähli pudaklarda ýokary hilli ösüşi goldamak üçin ýokary derejeli standartlardan peýdalanarys» diýip, ol aýtdy. Ýao önümçiligiň hilini ýokarlandyrmagyň hem ministrligiň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Ministrlik önümçiligiň hilini ýokarlandyrmak boýunça taslamany toplumlaýyn durmuşa geçirer, hil dolandyryşynyň öňdebaryjy ulgamlaryny ornaşdyrar we metrologiýa, gözegçilik we synag, şeýle hem hil sertifikasiýasy ýaly hil infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini güýçlendirer.
Hytaýda eýýäm köp derejeli «akylly zawodlar» ekoulgamy döredildi. 2025-nji ýyla çenli onuň düzüminde tutuş ýurt boýunça 35 müňden gowrak başlangyç derejeli, 8200-den gowrak ösen derejeli, 500-den gowrak ýokary derejeli zawod we 15 sany öňdebaryjy nusgalyk zawod bardy.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, 504 sany «akylly» zawodyň döredilmegi we tehnologik özgerişleri mundan beýläk-de çaltlandyrmak boýunça meýilnamalar Hytaýyň senagaty döwrebaplaşdyrmaga ulgamlaýyn çemeleşýändigini görkezýär. Ýakyn ýyllarda ýurt öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy, energiýanyň netijeli peýdalanylmagyny ýokarlandyrmagy we hil standartlaryny pugtalandyrmagy dowam etdirer. Bu diňe içerki önümçiligi güýçlendirmäge däl, eýsem Hytaýyň dünýäniň üpjünçilik zynjyrlaryndaky öňdebaryjy ornuny saklamagyna hem mümkinçilik berer. «Akylly zawodlar» diňe bir geljegiň tehnologiýasy bolman, eýsem häzirki wagtda Hytaýyň senagatynyň keşbini üýtgedýän hakykata öwrülýär.








