Hytaýda oba ýerlerini ösdürmek tagallalary güýçlendirilýär

Hytaýyň Oba hojalygy we oba ýerlerini ösdürmek ministrliginiň beren maglumatlaryna görä, şu ýyl ýurduň oba ýerlerini ösdürmek tagallalary güýçli depginde dowam etdirildi. Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyndan oktýabr aýy aralygynda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän pudak yzygiderli ösüşde boldy, iri kärhanalaryň önümçiligi ýyllyk möçberde 6,3 göterim artdy.
Oba hojalygyny syýahatçylyk, medeniýet, sport we elektron söwda bilen utgaşdyrýan täze oba işewürlik modelleri hem ösüşde boldy. Agzalan döwürde oba ýerlerindäki bölek söwdalaryň möçberi 5,5 trillion ýuana ýetdi, bu bolsa 4,6 göterim ýokarlandy diýmekdir. Bu görkeziji şäher ýerlerine garanyňda 0,4 göterim ýokary bolan ösüşi aňladýar. Oba ýerlerinde onlaýn bölek söwda 7,5 göterim, oba hojalyk önümleriniň onlaýn satuwy bolsa 9,5 göterim artdy.
Oba ýerleriniň ýöriteleşdirilen pudaklarynyň ösüşi hem ýokarlandy, 40 sany täze ýöriteleşdirilen önümçilik ugurlary, 50 sany döwrebap oba hojalyk pudak seýilgähleri we 200 sany iri oba hojalyk şäherçeleri, şeýle hem 398 sany iri oba hojalyk obalary ösdürildi. Bu tagallalar ýerli ýöriteleşdirilen önümçilikleri iri pudaklara öwürmek bilen, oba ykdysadyýetini has-da pugtalandyrýar.







