Iu iki taraplaýyn strategiýa geçýär: bütin dünýä satmak we bütin dünýäden satyn almak

Hytaýyň ownuk harytlar söwdasynyň merkezi bolan Iu uzak ýyllaryň dowamynda ownuk harytlary eksport etmek boýunça «dünýäniň supermarket» hökmünde tanalyp geldi. Indi şäher ykdysady strategiýasyna täzeden seredip, «bütin dünýä satmak» we «bütin dünýäden haryt satyn almak» diýen iki ugurly strategiýany işjeň durmuşa geçirýär.
Onlarça ýyllaryň dowamynda önümlerini dünýäniň dürli künjeklerine iberen şäheriň indi diňe bir satmak bilen çäklenmän, eýsem işjeň ýagdaýda daşary ýurt harytlaryny hem satyn alyp başlamagy dünýä söwdasyndaky düýpli özgerişleriň alamatydyr. Hytaý eksportynyň nyşany bolan Iu indi importyň hem möhüm merkezine öwrülýär. Bu ýerde ispan hamyry, Malaýziýanyň durianlary, Afrika senetçilik önümleri ýaly harytlar alyjylara hödürlenýär. Bu diňe haryt görnüşleriniň üýtgemegi däl, eýsem hytaýly sarp edijiniň hem hytaý öndürijisi ýaly möhüm orna eýe bolýan täze ykdysady ýagdaýynyň beýanydyr. Iu deňagramly ösüş ýoluna gadam basyp, geljegiň ykdysadyýetiniň harytlaryň we pikirleriň özara hereketine esaslanýandygyny görkezýär.
Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän bu şäher häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilýän import harytlaryny satyn almak üçin iri merkezleriň birine öwrüldi. Iu import harytlary söwda merkezinde dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan we sebitinden 150 müň görnüşden gowrak haryt hödürlenýär. Tekjelerde ispan hamyry, Malaýziýanyň durianlary, Nepalyň ýüň keçeleri we Afrika el işleriniň önümleri ýaly harytlary görmek bolýar. Malaýziýanyň önümlerine ýöriteleşen dükanyň eýesi Çžu Ke Hytaý bazarynyň çalt ösmegi we gümrük resmileşdirmesiniň netijeliliginiň ep-esli ýokarlanmagy netijesinde müşderileriniň sanynyň yzygiderli artýandygyny aýdýar.
Import harytlarynyň şeýle baý görnüşleri hytaýly alyjylaryň barha köpelýän dürli-dürli we şahsylaşdyrylan sarp ediş isleglerine doly laýyk gelýär. Şonuň üçin söwda merkezindäki satyjylaryň satuw möçberleri hem çalt ösýär. Söwdagärleriň biri Szin Sýan import harytlarynyň dizaýnynyň, görnüşiniň we reňkleriniň özboluşlydygyny, aýratyn-da ýaş nesliň şeýle önümleri halaýandygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, umuman, import söwdasy durnukly ösüş ýolunda barýar. Alyjylar hem bu pikiri goldaýarlar. Bir alyjy söwda merkezinden Nepal şarfyny, rus şokoladyny we balyny satyn alandygyny aýdyp, bu ýerdäki harytlaryň köpdürlüligini belleýär.
Çžeszýan welaýatynda ýerleşýän Iu şäheri eýýäm 30 ýyldan gowrak wagt bäri dünýäniň ownuk harytlar boýunça iň iri lomaý söwda merkezidir. Bu ýerden her ýyl 200-den gowrak ýurda 30 milliard dollardan gowrak haryt eksport edilýär. Ýöne içerki sarp edişiň ösmegi we islegleriň gurluşynyň üýtgemegi bilen şäher import ugruny hem işjeň ösdürýär. 2023-nji ýylda bu ýerde import harytlary üçin ýöriteleşdirilen söwda merkezi döredildi. Ol gysga wagtyň içinde hem lomaý söwdagärleriň, hem-de bölek satuw alyjylarynyň arasynda meşhur boldy. Iu şäherinde gümrük amallary has-da ýeňilleşdirilip, harytlaryň eltiliş möhletini mümkin boldugyça gysgaltmaga mümkinçilik döredildi. Resmi maglumatlara görä, şu ýylyň ilkinji alty aýynda Iu şäheriniň import-eksport amallarynyň umumy gymmaty 486,42 milliard ýuana (takmynan 72,33 milliard ABŞ dollary) ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,9 göterim artdy. Şol sanda importyň gymmaty 65,7 milliard ýuana ýetip, bir ýylda 39,1 göterim ýokarlandy.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, ozal «dünýäniň zawody» hökmünde tanalan Iu indi diňe eksport däl, eýsem import babatda-da doly manyda «dünýäniň supermarketine» öwrülýär. Bu özgeriş Hytaý ykdysadyýetindäki has giň tendensiýanyň — önümçilige gönükdirilen modelden sarp edişiň we importyň barha möhüm orun eýeleýän modeline geçişiň — beýanydyr. Ýakyn ýyllarda Iu import akymlaryny mundan beýläk-de artdyrmagy we dünýä söwda merkezleriniň biri hökmündäki ornuny pugtalandyrmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, şäher dünýäniň dürli ýurtlaryndan harytlaryň we medeniýetleriň duşuşýan möhüm söwda merkezine öwrülmegini dowam etdirer.








