Meý Mask Hytaýdan we onuň innowasiýalara bolan maksatlaryndan haýran galýar

Awgust 24, 2026 | 19:31 |61
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Meşhur model, ýazyjy we tehnologiýa ägirdi Ilon Maskyň ejesi Meý Mask Hytaýa bolan üýtgewsiz haýran galmalaryny beýan edip, hytaý halkyny innowasiýalara bolan yhlasly ymtylyşy we hemişe «bir ädim öňde bolmak» islegleri üçin öwgüli sözleri beýän etdi.

Dünýäniň ýarysyna golaýyny aýlanyp gören adamyň onlarça ýylyň dowamynda bir ýurda täzeden baryp, her gezek şol ýerden täze bir zat tapmagy köp zady aňladýar. Meý Mask üçin Hytaý diňe bir syýahatçylyk ugry däl, eýsem däp-dessurlaryň geljegiň şäherleri bilen utgaşýan, howpsuzlygyň we arassalygyň adaty ýagdaýa öwrülen, hemişe täzelenip durýan dünýädir. Onuň ýürekden aýdan sözleri daşary ýurtly adamyň garaýşyny görkezýär: Hytaý diňe bir gözel ýerleri bilen däl, eýsem öz ösüş depgini, açyklygy we geljege nazar salýan adamlarynyň gujur-gaýraty bilen hem özüne çekýär.

Meý Mask birnäçe onýyllygyň dowamynda Hytaýa gelip gňrýär. 2020-nji ýylda onuň «Zenan meýilnama düzýär» atly ýatlamalar kitabynyň hytaý dilindäki neşiri çap edilenden soň, onuň bu ýurtdaky meşhurlygy has-da artdy. Köp ýyllaryň dowamynda Şanhaýda model hökmünde işlemegi, kitaplaryny tanyşdyrmagy we dürli brendleriň çärelerine gatnaşmagy onuň Hytaýyň ähli ýerinde meşhur şahsyýet hökmünde tanalmagyny berkitdi. Şenbe güni Şanhaýda “China Media Group” (CMG) toparynyň wekilleri bilen söhbetdeşlikde 78 ýaşly Meý Mask Hytaýyň eýýäm 14 şäherinde bolandygyny we bu ägirt uly ýurda her sapar baranda täze bir zat açýandygyny aýtdy. «Men her şäher barada täze bir zat öwrenýärin. Biz dürli ýerleri öwrenýäris, bu örän gowy» diýip, ol aýtdy.

Meýiň bu sözleri onuň ogly bilen sosial ulgamlarda pikir alyşmasyndan soň aýdyldy. Ilon Mask ýakynda X platformasynda öz yzarlaýjylaryna Hytaýa baryp görmegi maslahat berýän ýazgy paýlaşypdy. Meý Mask hem oglunyň ýazgysyny paýlaşyp, Hytaýyň medeni özüne çekijiligini, arassa we howpsuz şäherlerini hem-de zähmetsöýer halkyny öwüp, öz maslahatyny goşdy. «Ilon ýüreginden gürleýär we Hytaýy gowy görýär, şonuň üçin muny adamlara ýetirmek isledi. Men muny görenimde: “Aý, men ondan has köp şäherde bolupdyryn”» diýip, ol bu söhbetdeşligi ýatlady.

Öz şahsy tejribesine daýanyp, Meý Mask howpsuzlygy, medeniýeti we tebigy görnüşleri daşary ýurtly syýahatçylary Hytaýa çekýän esasy aýratynlyklar hökmünde görkezdi. Şeýle-de ol hytaý önümleriniň hiline we ýurduň ýaşaýjylarynyň öňdebaryjy pikirlenişine ýokary baha berdi. «Men ähmiýetine öň düşünmedik önümlerim barada köp zat öwrendim. Meniň pikirimçe, siz hemişe bir ädim öňde bolmak üçin ähli zady edýärsiňiz. Sebäbi siziň örän akylly adamlaryňyz bar, olar aýratyn bir zat döretmek isleýärler we geljekde nämäniň möhüm boljakdygyna düşünýärler» diýip, ol aýtdy. Meý üçin syýahatyň şatlygy täze zatlary açmakdan we Hytaý şäherleriniň hemişe üýtgäp durýan keşbini görmekden ybarat. Bu bolsa ony hiç wagt geň galdyrmagyny bes etmeýär. «Men Şanhaýa her gezek baranymda täze bir zady görýärin. Başga bir bina, başga bir restoran ýa-da Bund kenarýakasynda gezelenç etmek — bularyň ählisi ajaýyp. Şonuň üçin men täze ýerleri öwrenmegi gowy görýärin» diýip, ol Şanhaýa soňky saparyny we şäheriň meşhur Bund kenarýakasyny ýatlap aýtdy.

Meý Mask diňe bir Ilon Maskyň ejesi bolman, eýsem üstünlikli model, dietolog we iň köp satylan kitaplaryň awtorydyr. Onuň «Zenan meýilnama düzýär» atly ýatlamalar kitaby köp ýurtlarda, şol sanda Hytaýda hem uly meşhurlyga eýe boldy. Ol sosial ulgamlarda işjeň we syýahatlary baradaky täsirlerini ýygy-ýygydan paýlaşýar. Onuň ogly Ilon Mask — “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň ýolbaşçysy — hem birnäçe gezek Hytaýa, onuň tehnologiki ösüşine we bazaryna ýokary baha berendigini aýtdy. Hytaý “Tesla” üçin esasy bazarlaryň biri bolmagynda galýar. Meý Maskyň Hytaýa edýän saparlary hem ýurtlaryň arasynda medeni we işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Meý Maskyň Hytaý baradaky ýürekden aýdan sözleri ýurduň halkara myhmanlar üçin barha özüne çekiji bolýandygyny görkezýär. Onuň howpsuzlykdan we arassalykdan başlap, önümleriň hiline we innowasion pikirlenişe çenli eden synlary her ýyl Hytaýa syýahat edýän millionlarça adamyň pikirleri bilen gabat gelýär. Ählumulaşma döwründe şeýle şahsy wakalar dürli medeniýetleriň arasynda möhüm köprüleriň birine öwrülýär. Olar her bir ykdysady görkezijiniň aňyrsynda adamlaryň, olaryň täsirleriniň we biri-birine bolan çyn ýürekden gyzyklanmasynyň durýandygyny ýatladýar.

Beýleki habarlar