Hytaýda irki tüwiniň önümçiligi altynjy ýyl yzly-yzyna 28 million tonnadan geçdi

Awgust 22, 2026 | 19:45 |57
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Milli statistika býurosynyň anna güni ýaýradan maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylda Hytaýda irki tüwiniň önümçiligi durnukly bolup, 28,29 million tonna ýetdi. Şeýlelikde, bu görkeziji altynjy ýyl yzly-yzyna 28 million tonnadan ýokary boldy. Bu netijä güýçli ýagyşlara we taýfunlara garamazdan ýetildi. Irki tüwiniň bir gektardan ortaça hasyllylygy 5964 kilogram bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 48 kilogram azaldy.

Azyk howpsuzlygy islendik ýurduň durnuklylygynyň möhüm binýady bolup durýar. Ilaty örän köp bolan Hytaý üçin tüwiniň her bir dänesi aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurt altynjy ýyl yzly-yzyna irki tüwiniň önümçiligini 28 million tonnadan ýokary derejede saklaýar. Bu diňe bir statistik görkeziji däl-de, oba hojalygynda alnyp barylýan yzygiderli işleriň, onlarça ýyllap dowam eden seleksiýanyň, ýerleriň meliorasiýasynyň we oýlanyşykly agrar syýasatyň netijesidir. Tebigy şertler — uzak wagtlap dowam edýän güýçli ýagyşlar, taýfunlar we suw joşmalary — kynçylyk döreden ýagdaýynda-da, hytaýly daýhanlar hasyly gorap saklamagyň ýollaryny tapýarlar. Sebäbi her bir dänäniň aňyrsynda millionlarça maşgalanyň ýaşaýşy we döwletiň strategik durnuklylygy dur.

Hasyllylygyň peselmegi, esasan, Ýanszy derýasynyň günortasyndaky we Hytaýyň günortasyndaky esasy önümçilik sebitlerinde tüwiniň baş çykaryp, gülleýän döwründe uzak wagtlap dowam eden güýçli ýagyşlar, şeýle hem hasyl ýygnalýan döwürde köp sanly taýfunlaryň bolmagy bilen düşündirilýär. Käbir peslikdäki oba hojalyk ýerlerini suw basdy, käbir sebitlerde bolsa irki tüwi ýere ýatdy. Bu ýagdaý onuň bişmegine we ýygnalmagyna täsir etdi. Şu ýyl irki tüwi ekilen umumy meýdan 4,744 million gektara ýetdi. Bu 2025-nji ýyldakydan 1467 gektar köp. Esasy önümçilik sebitleriniň arasynda taýfunlaryň täsiri sebäpli hasylyň peselmegi Guansi, Hunan, Guandun we Szýansi welaýatlarynda hasaba alyndy. Şol bir wagtyň özünde Çžeszýan, Haýan we Hubeý welaýatlarynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende az-kem ösüş boldy.

Milli statistika býurosynyň Oba ýerleriniň durmuş-ykdysady barlaglar müdirliginiň oba hojalyk önümçiligi bölüminiň direktory Sun Ýunçžun şeýle belledi: “Ýurt däne önümçiligine berilýän goldawy yzygiderli artdyrýar. Oba hojalygyny pugtalandyrmak, daýhanlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak we oba ýerleriniň ösüşini güýçlendirmek boýunça birnäçe çäre durmuşa geçirilýär. Irki tüwiniň görnüşleri üçin iň pes satyn alyş bahasy durnuklaşdyryldy, oba hojalyk ýerlerini goramak boýunça subsidiýalar berilýär, şeýle hem ekin dolanyşygyna berilýän subsidiýalar ýokarlandyryldy. Bu çäreler daýhanlaryň ekin ekmäge bolan höwesini artdyrdy. Onuň sözlerine görä, tomusky däne hasylynyň artmagy we irki tüwiniň hasylynyň durnukly bolmagy ýylyň dowamynda däne önümçiliginde täze rekord gazanmak üçin berk binýat döretdi. Şeýle hem bu ýagdaý 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň (2026–2030-njy ýyllar) üstünlikli başlanmagy üçin möhüm goldaw berýär.

Irki tüwi Hytaýyň azyk ulgamynyň möhüm bölegi bolup, aýratyn-da ýurduň günortasyndaky welaýatlarda uly ähmiýete eýedir. Bu sebitleriň howa şertleri ýylda iki, käbir ýagdaýlarda bolsa üç gezek hasyl almaga mümkinçilik berýär. Döwlet subsidiýalary we iň pes satyn alyş bahalary arkaly ekilýän meýdanlaryň durnuklylygy üpjün edilýär. Bu bolsa daýhanlary bazardaky bahalaryň duýdansyz üýtgemelerinden goraýar. Amatsyz howa şertlerine garamazdan, irki tüwiniň umumy önümçiliginiň ýokary derejede saklanmagy Hytaýyň oba hojalyk pudagynyň durnuklylygyny we döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän goldaw çäreleriniň netijeliligini görkezýär. 15-nji bäşýyllyk meýilnama berk azyk binýady bilen başlanýar. Bu bolsa hökümete önümçiligiň mukdary bilen bir hatarda onuň hilini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga has köp üns bermäge mümkinçilik berýär.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, irki tüwiniň durnukly hasyly Hytaýyň azyk üpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygynyň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Howa şertleriniň adatdan daşary üýtgemelerine garamazdan, ýurt önümçiligiň deňagramlylygyny saklap, içerki bazaryň zerurlyklaryny üpjün edýär. Geljek ýyllarda täze oba hojalyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we infrastruktura ulgamynyň pugtalandyrylmagy bilen Hytaý azyk önümçiliginiň mümkinçiliklerini has-da artdyrmagy dowam etdirer we dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde esasy ýurtlaryň biri bolmagynda galar.

Beýleki habarlar