Hytaý ykdysadyýetiň açyklygyny goldamak üçin gümrük paçlaryny azaltýar

Hytaý şu ýyl ýokary derejeli açyklygy goldamak maksady bilen birnäçe çäreleri kabul etdi. Bu barada Hytaýyň Maliýe ministrliginiň Halkara ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygy departamentiniň baş direktory Çen Çžiszýun aýtdy.
Ählumumy näbellilikleriň we söwda päsgelçilikleriniň güýçlenýän döwründe Hytaý bazarlaryny açyp, gümrük paçlaryny azaltmak arkaly liberallaşdyrma ýoluny saýlaýar. Bu diňe bir ykdysady syýasat bolman, eýsem dünýäniň ähli hyzmatdaşlaryna gönükdirilen strategik yşaratdyr: ýurt daşarky çagyryşlara garamazdan hyzmatdaşlyga taýýardyr. Nyrhlaryň her gezek peseldilmegi Hytaýyň dünýä söwda ulgamynda jogapkärli gatnaşyjy hökmünde ornuny pugtalandyrýar we özara bähbitli söwda hem-de durnukly ösüş üçin şertleri döredýär.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Hytaý 935 görnüşli haryt üçin iň amatly şertler düzgünindäki nyrhlardan has pes import gümrük paçlaryny ulanýar. Bu içerki we halkara bazarlarynyň hem-de serişdeleriniň özara utgaşmasyny ep-esli güýçlendirýär – diýip, Çen belledi. Fewral aýynda Hytaý Haýnan erkin söwda zolagynyň ýaşaýjylary tarapyndan getirilýän käbir harytlar üçin «nol gümrük paçlary» syýasatyny girizdi. Bu bolsa adanyň ýaşaýjylarynyň ykdysady bähbitleriniň has-da ýokarlanmagyna şert döretdi. Şol bir wagtyň özünde Maliýe ministrligi ylmy-tehniki innowasiýalary, şeýle hem energetika we tebigy serişdeleri ösdürmegi hem-de peýdalanmagy goldamak üçin birnäçe ýeňillikli import paçlaryny girizdi.
1-nji maýdan başlap Hytaý diplomatik gatnaşyklary bolan ähli iň az ösen ýurtlara «nol nyrh» ulgamyny ulanmak esasynda Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary bolan Afrikanyň 20 ýurduna iki ýyllyk «nol nyrh» çäresini girizdi. Bu Hytaý bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga güýçli itergi berdi – diýip, Çen mälim etdi.
«15-nji bäşýyllyk döwürde (2026–2030-njy ýyllar) maliýe edaralary açyk ykdysadyýeti has ýokary derejede ösdürmegi goldamak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan we netijeli häzirki zaman nyrh ulgamynyň döredilmegini çaltlandyrar. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary hilli harytlaryň importyny giňeltmek, açyklygyň täze merkezlerini ösdürmek we halkara ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak boýunça tagallalar ediler» — diýip, resmi wekil aýtdy.
Gümrük azaltmak syýasaty Hytaýyň ykdysadyýetini eksport ugurly nusgadan içerki sarp edişiň we importyň has uly ähmiýete eýe bolan deňagramly gurluşa geçirmek boýunça uzak möhletleýin strategiýasynyň bir bölegidir. Hainan erkin söwda zolagynyň döredilmegi, iň az ösen ýurtlar üçin ýeňillikleriň giňeldilmegi we Afrika döwletleri üçin ýörite çäreleriň durmuşa geçirilmegi söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmäge hem-de özara ynamy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu ädimler ýokary hilli ösüşe we tehnologik özbaşdaklyga aýratyn ähmiýet berýän 15-nji bäşýyllyk meýilnamasynyň maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine hem ýardam edýär.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, import gümrük paçlarynyň yzygiderli azaldylmagy we nyrh ýeňillikleriniň giňeldilmegi Hytaýyň açyklyk we dünýä ykdysadyýetine integrasiýa ugruny tassyklaýar. Bu çäreler halkara işewürleri üçin täze mümkinçilikleri döredýär, Hytaýyň dünýäniň söwda hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde ornuny güýçlendirýär we ýakyn ýyllarda durnukly ösüş üçin esas döredýär.








