Pekindäki 2026-njy ýylyň Bütindünýä robototehnika maslahatynda (WRC) 311 täze önüm ilkinji gezek tanyşdyryldy

Robototehnika indi diňe barlaghanalar bilen çäklenmeýär — ol zawodlardan we ammarlardan başlap, hassahanalara we adatdan daşary ýagdaýlarda kömek berýän gulluklara çenli gündelik durmuşymyza barha işjeň aralaşýar. Emma hakyky öňegidişlik diňe aýratyn robotlaryň kämilleşmeginde däl, eýsem olaryň bilelikde işlemek, maglumat alyşmak we biri-biriniň mümkinçiliklerini doldurmak ukybyndadyr. 2026-njy ýylyň Bütindünýä robototehnika maslahaty öndürijileri, işläp düzüjileri we ulanyjylary bir ýere jemläp, robotlary biri-birinden üzňe işleýän enjamlardan hakyky dünýäniň çylşyrymly meselelerini çözmäge ukyply bitewi ekoulgama öwürmek üçin üçin ajaýyp meýdança boldy.
Çarşenbe gününden ýekşenbe gününe çenli geçirilen 2026-njy ýylyň Bütindünýä robototehnika maslahatynynyň sergisine 26 ýurtdan 300-den gowrak wekil gatnaşdy. Olar 3000-den gowrak önümi hödürlediler. Bu çäre emeli aň algoritmlerini işläp düzüjileri, 3D tehnologiýalarynyň we batareýalaryň üpjün edijilerini, robot öndürijilerini hem-de ahyrky ulanyjylary birleşdirip, hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ylmy-barlag hem-de önümçilik işleriniň möhletlerini gysgaltmaga gönükdirilendir.
Esasy täzelikleriň arasynda robotlar üçin hereket edýän daşaýjy gämi aýratyn üns çekdi. Aslynda bu robotlar üçin hereket edýän logistika bazasydyr. Ulagyň kabinasy adam şekilli robotlary, robot itlerini we dronlary daşap bilýär. Gämide ýerleşdirilen batareýalary çalyşmak we tehniki hyzmat etmek stansiýalary bolsa toruň ýa-da elektrik energiýasynyň ýok ýerlerinde hem robotlary hasaplaýyş kuwwaty we aragatnaşyk bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu daşaýjy gämi robotlaryň ýeke-täk operasiýalaryndan birnäçe robotdan ybarat utgaşykly missiýalara geçmäge niýetlenendir. Fittbus Technology kompaniýasynyň başlygy Çžen Gan bu ulagyň köpçülikleýin önümçiliginiň ýakyn wagtda başlanmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, täze tanyşdyrylan esasy robotyň köpçülikleýin önümçiligini şu ýylyň ahyrynda başlatmak, ony bolsa indiki ýylyň iýun aýyna çenli täjirçilik taýdan ulanmak meýilleşdirilýär. Ilkibaşda robot howa arkaly halas ediş işlerinde, ýangyn söndürmekde we lukmançylyk kömegini bermekde peýdalanylar.
Robotlaryň mümkinçilikleri kämilleşdigiçe dürli öndürijileriň enjamlarynyň dolandyrylyşyny bir ulgama birleşdirmek möhüm meselä öwrülýär. Şu ýylky forumda köp sanly kärhana hut şu meseläniň çözgüdine aýratyn üns berdi. Çärede SIASUN kompaniýasy uly dil modellerine esaslanýan birnäçe robotyň işini utgaşdyrmak üçin niýetlenen “OneHub” ulgamyny hödürledi. SIASUN-yň Emeli aň barlaglar institutynyň direktory Han Týanwen şeýle düşündirdi: «Biz dürli görnüşli robotlaryň işini utgaşdyryp bilýän “OneHub” ulgamyny hödürledik. Uly modelleriň tehnologiýasy arkaly iki dürli görnüşe degişli üç robotyň bir ulgamyň çäginde bilelikde işlemegini üpjün edip bolýar».
Uly dil modelleriniň beren görkezmelerini hakyky fiziki hereketlere öwürmek üçin hakyky dünýäden alnan örän köp mukdarda maglumat gerek. Şençžen şäherinde bary-ýogy bir ýyl ozal döredilen “Ensuring Tech” başlangyç kompaniýasy hereketleri hasaba almak üçin köp ölçegli taktil ellikleri, şeýle hem ýakynlaşýan zatlary tanap bilýän uly meýdanly elektron derini görkezdi. “Ensuring Tech” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Hou Ninçže şeýle diýdi:
«Biz tarapyndan hödürlenen köp ölçegli taktil ellik diňe adaty we galtaşma güýçleri däl, eýsem güýçli täsirleriň ugruny hem kesgitläp bilýär. Onuň modul gurluşy adam eline meňzeş skelet modelini gaýtadan döredýär we her bir ulanyja öňünden kesgitlenen birmeňzeş skeleti dakmagyň deregine, has takyk aragatnaşyk maglumatlaryny ýygnamaga mümkinçilik berýär».
Bütindünýä robototehnika maslahaty her ýyl Pekinde geçirilýär we soňky ýyllarda robototehnika hem-de emeli aň ulgamyndaky gazanylan üstünlikleri görkezýän dünýäniň iň iri meýdançalarynyň birine öwrüldi. 2026-njy ýylda sergä gatnaşyjylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 69 göterim artdy, görkezilen önümleriň sany bolsa 3000-den geçdi. Maslahata senagat önümçiliginden başlap, hyzmat we halas ediş robotlaryna çenli giň gerimdäki ugurlary öz içine alýar. Şu ýyl aýratyn üns dürli görnüşli robotlaryň birleşdirilmegine we köp robotly ulgamlary bilelikde dolandyrmaga gönükdirildi. Bu bolsa pudagyň aýratyn robotlardan çylşyrymly we üýtgäp durýan şertlerde bilelikde işläp bilýän robot flotlaryna geçýändigini görkezýär.
“CCTV+”-niň habar berşi ýaly, 2026-njy ýylyň Bütindünýä robototehnika maslahaty Hytaýyň robototehnika ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hökmündäki ornuny ýene bir gezek tassyklady. 311 täze önümiň ilkinji gezek tanyşdyrylmagy, dürli görnüşli robotlaryň işini utgaşdyrýan ulgamlaryň we täze sensor tehnologiýalarynyň görkezilmegi pudagyň maşynlaryň dürli öndürijiler tarapyndan öndürilendigine garamazdan, olaryň bitewi ulgam hökmünde işleýän akylly ekoulgamyny döretmäge tarap barýandygyny görkezýär. Geljek ýyllarda şeýle çözgütleriň logistika, saglygy goraýyş, adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işleri we beýleki köp ugurlarda giňden ulanylmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, robotlar diňe bir gural bolmak bilen çäklenmän, eýsem adam üçin ygtybarly hyzmatdaşlara öwrüler.








